Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze manat dolanyşa girizildi


Türkmenistanyň Merkezi banky türkmen manadynyň täze özgerdilen görnüşlerini ulanylyşa çykardy. 2014-nji ýylyň 1, 50 we 100 manat hümmetli pullarynyň görnüş we reňk taýdan üýtgemändigi, emma gorag taýdan has pugtalandyrylandygy resmi maglumatlarda bellenýär.

Häzirki wagtda dolanyşda bolan 2009-njy we 2012-nji ýyllarda çykarylan 1 manat hümmetli pullaryň we 2009-njy ýylda çykarylan 50 we 100 manat hümmetli pullaryň Türkmenistanyň giňişliginde kanuny töleg serişdesi hökmünde güýjünde galýandygy resmi maglumatlarda habar berilýär.

Türkmen manady milli pul hökmünde 1993-nji ýylyň noýabrynda dolanyşa girizildi. 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen hökümeti manadyň denominasiýasyny geçirdi, ýagny türkmen manadynyň hümmetini täzeden kesgitledi.

XS
SM
MD
LG