Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Ukrainanyň gündogarynda işini ýatyrdy


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy Ukrainanyň gündogarynda gözegçilik boýunça çärelerini ýatyrýandygyny we mundan beýläk göz öňünde tutulan çärelerinden saklanýandygyny mälim etdi.

ÝHHG-synyň ýolbaşçysynyň orunbasary Aleksandr Hug guramanyň bu kararyny 30-njy iýunda Wenada yglan etdi. Ol žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda: “Biz Ukrainanyň günortasynda missiýanyň işini doly derejede dikeltmek üçin mümkinçiliklere ýene eýe bolmagymyza garaşýarys”, diýdi. Şeýle-de Aleksandr Hug “bize ýaraglaryň ýok bolmagy, barlag-geçiş nokatlarynyň ýok edilmegi we hereket azatlygy zerur”, diýdi.

ÝHHG-niň beýannamasy guramanyň dört gözegçisiniň 26-njy iýunda we ýene dört gözegçisiniň 28-nji iýunda Ukrainada Orsýete tarapdar separatistler tarapyndan goýberilmeginiň yzýany edildi. Hug guramanyň sekiz gözegçisine zeper ýetmändigini we olaryň şertsiz goýberilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG