Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Sungatda “hapa söz” gadagan


Orsýetde süngatda “hapa sözleriň” ulanylmagyny gadagan edýän kanun 1-nji iýulda güýje girdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimri Putin tarapyndan maý aýynda gol çekilen täze kanuna görä, kitaplarda, aýdymlarda, teatr sahnalarynda ýa filmlerde gadagan edilen sözleriň ulanylmagy üçin awtorlar ýa-da eseri ýaýradýanlar jezalandyrylar.

Kanun sögünçli sözler kitaplarda ýa-da CD disklerde duş gelende, olaryň aýratyn bellenilip, ýörite duýduryşlaryň ulanylmagyny talap edýär.

Orsýetde käbir filmler gaýtadan çykarylmaly bolar ýa-da sögünçli ýerler täze kanuna laýyklykda gaýtadan gözden geçirilmeli ediler.

30-njy iýunda Orsýetiň ähli ýerlerinde awtorlar we artistler protest bildirip, täze kanunyň güýje girmeginiň öňüsyrasynda özboluşly dili ulanyp, soňky çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Gadagan edilen sözleriň sanawy entek kesgitlenmedi. Kanun bozmalar babatynda bilermenler topary tarapyndan her bir waka aýratyn çemeleşiljegi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG