Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak kürtleri garaşsyzlyk üçin ses berer


Yragyň awtonom kürt regionynyň lideri Masud Barzani özüniň birnäçe aý içinde garaşsyzlyk referendumyny geçirmegi planlaşdyrýandygyny aýdýar.

Barzani BBC-ä beren interwsynda bu saýlawy geçirmegiň dogry wagtynyň gelendigini, sebäbi Yragyň eýýäm iş ýüzünde böleklere bölünendigini aýtdy.

Barzani edil häzir referendumyň anyk senesini aýdyp bilmejegini, emma munuň birnäçe aýyň meselesidigini aýtdy. Ol soňky kararyň regional kürt parlamentine degişli boljagyny aýtdy.

Barzani «Amerikanyň sesine» Yrakdaky häzirki ýagdaý «baş-başdak we gorkunç» diýdi.

XS
SM
MD
LG