Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kabul: saýlaw netijeleri gijikýär


Owganystanyň prezidentlige kandidaty Abdylla Abdylla saýlaw netijeleriniň aýan edilmeginiň soňa goýulmagyny gutlady.

Abdylla 14-nji iýundaky saýlawlardan soň sesleriň sanalmagyny boýkot edipdi. Ol öz bäsdeşi Aşraf Ganini, iş başyndan gidýän prezident Hamid Karzaýy we saýlaw häkimiýetlerini galplykda aýyplady.

Garaşsyz saýlaw komissiýasy deslapky netijeleriň 2-nji iýulda yglan edilmelidigini, emma munuň birnäçe gün soňa goýulýandygyny aýtdy.

Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň başlygy Ahmet Nuristani 30-njy iýunda Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna 30 welaýatdaky 1900 çemesi saýlaw uçastogynda sesleriň gaýtadan sanalýandygyny, bu işiň 4-5 gün wagt aljagyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG