Sepleriň elýeterliligi

Bombaçy 8 ofiseri öldürdi


Owgan häkimiýetleri janyndan geçen bombaçynyň azyndan 8 harbyny öldürip, 13-sini ýaralandygyny aýdýarlar.

Bu waka 2-nji iýulda, janyndan geçen bombaçy Kabulda harby işgärleri alyp barýan awtobusyň ýanynda özüni partladanda bolupdyr.

Kabul polisiýasynyň başlygy Haşmat Stanekzaý bombaçynyň hut şol awtobusy nyşana alandygyny aýdýar. Bu hüjümde asuda ilatdan azyndan bäş adam ýaralandy.

«Talyban» bilinýän Twitter hasaby boýunça bu hüjumiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Bu partlama Kabul uniwersitetiniň golaýynda, berk goragly ýerde boldy.

XS
SM
MD
LG