Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz jenaýatçysy Orsýetde tutuldy


Gyrgyzystanda geçen ýyl galplyk esasynda türmeden boşadylan jenaýat ketdesi Orsýetiň Demirgazyk Osetiýa respublikasynda ele salyndy.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň resmisi 2-nji iýulda Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna häkimiýetleriň indi Aziz Batukaýewi Gyrgyzystana ekstradisiýa etmegiň üstünde işleýändiklerini aýtdy.

Çeçen milletinden bolan Batukaýew 2006-njy ýylda birnäçe çynlakaý jenaýata, şol sanda gyrgyz deputatynyň we Içeri işler ministrliginiň resmisiniň öldürilmegine dahyllylykda tas 17 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Ol geçen ýyl galplaşdyrylan saglyk dokumentleri esasynda azatlyga çykypdy.

Bu galmagal esasynda Gyrgyzystanyň premýer-ministri Şamil Atahanow işden çekilip, ýurduň ygtyýarly adam hukuklary wekili Tursunbek Akun işden boşadylypdy.

XS
SM
MD
LG