Sepleriň elýeterliligi

Sarkozi korrupsiýada aýyplandy


Fransuz prokurorlary 2-nji iýulda Fransiýanyň ozalky prezidenti Nikolas Sarkozini korrupsiýada we jenaýat derňewine bikanun täsir ýetirmekde aýypladylar.

Bu karara Sarkozi 15 sagatlap sorag edilenden soňra gelindi. Ol Fransiýanyň tussaghana salnan ilkinji döwlet baştutany boldy.

Sarkozi 1-nji iýulda korrupsiýa garşy sülçüler tarapyndan sorag edilmek üçin Nanterre, Parižiň günbataryna geldi. 30-njy iýunda onuň aklawçysy we iki magistraty sorag edilmek üçin saklanypdy.

Fransuz mediasynyň ýazmagyna görä, 59 ýaşly Sarkozi başga bir derňew barada şol sudýalaryň birinden içerki maglumatlary almakda güman güman edilýär.

Ol hamala sudýalaryň mobil telefonyny diňläp, 2007-nji ýyldaky saýlaw kampaniýasy mahalynda ozalky Liwiýa diktatory Muammar Kaddafiden maliýe kömegini alandygy barada aýdylýanlara anyklajak bolmagyndan habarly edilipdir.

XS
SM
MD
LG