Sepleriň elýeterliligi

YYDL jihada çagyrýar


Yragyň we Siriýanyň bir bölegini basyp alan sünni jeňçi toparynyň lideri dünýä musulmanlaryny öz toparynyň eýelän territoriýalaryna gelip, yslam döwletini gurmak üçin söweşmäge çagyrdy.

Yrak yslam döwleti we Lewant toparynyň lideri Abu Bakr al-Bagdadi 1-nji iýulda internetde ýerleşdirilen ses ýazgysynda özüni dünýä musulmanlarynyň ýolbaşçysy diýip hem tanatdy.

Bu ses ýazgysy internetde yrak hökümetiniň güýçleriniň YYDL jeňçileri tarapyndan geçen aý basylyp alnan Tikrit şäherini yzyna almak üçin hüjüme geçen wagtynda ýerleşdirildi.

«Al-Kaýdadan» bölünen topar iki gün öň bir taraply görnüşde öz kontrollugyndaky territoriýada Yslam döwletiniň ýa-da halyfatyň döredilendigini jar edipdi.

Şu arada Yragyň täze parlamentiniň 1-nji iýuldaky ilkinji sessiýasy täze spiker saýlamakda bir pikire gelip bilmän gutardy.

XS
SM
MD
LG