Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlinde Ukraina maslahatlaşylar


Fransiýanyň diplomatiki çeşmelerine salgylanylýan habarlarda Ukrainanyň, Orsýetiň, Fransiýanyň we Germaniýanyň daşary işler ministrleriniň 2-nji iýulda Berlinde duşuşyp, ukrian krizisini ara alyp maslahatlaşjakdygy aýdylýar.

Bu habar ukrain hökümeti krizisi çözüp bilmedik 10 günlük ýaraşykdan soňra orsýetçi separatistlere garşy hüjüme gaýtadan başlandan soň ýaýrady.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Ukrainadaky söweş hereketlerini başyna goýbermegiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy diýdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Poroşenkonyň ýaraşyk möhletini uzaltmazlyk baradaky karary ukrain döwleti üçin gümürtik netijeleri bolan gandöküşikligiň täze bir aýlawyna başlady diýdi.

Daşary işler ministrligi Lawrowyň bu sözleri Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bilen telefon gürrüňi mahalynda aýdandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG