Sepleriň elýeterliligi

"Awazada" ýelkençiler ýaryşýar


1-nji iýulda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Ýelken» ýaht-klubynyň bazasynda windserfiň boýunça dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy.

Bu dabara Professional windserfiň assosiasiýasynyň (Professional Windsurfing Association – PWA) gurnamagynda, «Awaza PWA World cup Turkmenistan» diýen at bilen açyldy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Bu ýaryşa dünýäniň dürli ýurtlaryndan 77 sportçy gatnaşýar, olaryň arasynda dünýäniň 20 gezek çempiony bolan Antuan Albo (Fransiýa) hem bar.

Ýaryşyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň agzalary, Mejlisiň başlygy, Professional windserfiňçiler assosiasiýasynyň başlygy Jimmi Diaz, Türkiýäniň «Polimeks» kompaniýasynyň başlygy Erol Tabança dagy hem gatnaşdy.

Ýaryşyň 6-njy iýuna çenli dowam etjegi habar berilýär.

«Awaza PWA World cup Turkmenistan» Ortaýer deňziniň kenaryndaky Kosta Brawoda, Ispaniýada maýyň aýagynda başlanan ýaryşyň üçünji etaby.

Bu ýaryşyň birinji tapgyry Karip deňzindäki Boneýr adasynda geçirildi. Onuň dördünji etaby Gran-Kanariýa adasynda geçiriler. Bu ýaryş ýylyň aýagyna çenli dowam eder.

XS
SM
MD
LG