Sepleriň elýeterliligi

Gazak aklawçysy tussag edildi


Häkimiýetler bilen göreş alyp barýan gazak aklawçysy Zinaida Muhortowa ýene tussag edilip, ruhy hassahana ýerleşdirildi.

Muhortowanyň garyndaşlary Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna polisiýanyň ony 2-nji iýulda Balkaş şäherindäki kwartirasynda tussag edendiklerini aýtdylar. Ol bu ýere Orsýetden gaýdyp gelipdi.

Balkaş şäheriniň ruhy hassahanasynyň baş wraçynyň orunbasary onuň şol ýerdedigini tassyk etdi.

56 ýaşyndaky Muhortowa dekabr aýynda, Karagandynyň regional sudy onuň ruhy hassahanada mejbury bejerilmegi baradaky karardan eden şikaýatyny ret edenden soň, Gazagystandan gaçypdy. Ol özüniň sagatdygyny we bu kararyň syýasy äheňlidigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG