Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kemisli çagalara mugallym ýetmeýär


Türkmenbatdaky 5-nji mekdep-internat

Türkmenbatdaky 5-nji mekdep-internat

Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň 5-nji mekdep-internaty ýerleşýär.

Çagasy ýörite kemisli çagalar üçin döredilen şertlerden peýdalanýan ene-atalaryň käbiriniň Azatlyk radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, bu mekdebiň içindäki tertip-düzgün gowy, onda çagalar barada ýeterlik alada hem edilýär.

Emma kynçylyk hem bar we bu ýagdaý esasan mugallym kadrlarynyň ýetmezçiligi bilen bagly.

Türkmenabat, Körler we kerler jemgyýeti.

Türkmenabat, Körler we kerler jemgyýeti.

​Aýdylmagyna görä, soňky ýyllar kemisli çagalar üçin ýörite bilimli mugallym kadrlaryny taýýarlamagyň ünsden düşürilmegi Türkmenabatdaky mekdep-internatda okaýan kemisli, kömege mätäç çagalaryň zerur endikleri ele almagynda kynçylyk döredipdir.

Bu barada Lebapdaky habarçymyz Osman Hallynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG