Sepleriň elýeterliligi

Yrakda Eýranyň uruş uçarlary ýerleşdirildi


Düýbi Londonda ýerleşýän tanymal barlag merkeziniň maglumatynda Yrakda yslamçy söweşijiler tarapyndan amala aşyrylýan hüjümlerde Yrak güýçlerini goldamak maksady bilen Eýranyň Bagdady uruş uçarlary bilen üpjün edendigi habar berilýär.

Strategik barlaglary öwrenýän halkara institut (IISS) Yragyň resmileri tarapyndan ýaýradylan wideo ýazgyda geçirilen derňewler, 1-nji iýulda Bagdada gowşurylan “Suhoý” kysysmly uruş uçarlarynyň Eýrandan getirilendigini görkezýär diýýär.

Mundan öň, Russiýa “Su-25” kysymly uruş uçarlarynyň başlangyç tapgyryny Yraga ugradypdy.

Gürrüňi gidýän halkara institutyň “Harby deňagramlylyk” boýunça neşiriniň analitigi Jozef Dempseý (Joseph Dempsey) uçaryň ekipažlygyna kimiň jogapkär boljakdygynyň we uçara kimiň gözegçilik etjekdiginiň takyk belli däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG