Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbilisiniň öňki häkimi tussag edildi


Tbilisiniň öňki häkimi Gigi Ugulawa Kiýewe we Kişinewe sapar edýän mahaly Tbilisiniň aeroportynda tussag edildi.

Gürjüstanyň oppozision “Birleşen Milli hereket” atly partiýasynyň saýlaw edarasynyň hem başlygy wezipesinde işleýän Ugulawa giň gerimdäki bidüzgünçiliklerde we býujet serişdelerini ogurlamakda aýyplandy.

2-nji iýulda Tbilisi şäher sudy Ugulawanyň 28 müň amerikan dollary möçberindäki girewi tölemek baradaky haýyşyny goldamady hem-de onuň pasportyny we şahsy resminamalaryny aldy.

Ugulawa garşy 2013-nji ýylyň fewral aýynda jenaýat aýyplamalary gozgalany bäri, ol birnäçe gezek daşary ýurda syýahat edip, gaýtadan yzyna Gürjüstana gelipdi. Muňa garamazdan, ýurduň prokurorlary bu gezek Ugulawanyň “Gürjüstana dolanmaga niýetiniň ýokdugyny” öňe sürüpdiler.

Ugulawa bolsa, özüne garşy ýöňkelen aýyplamalaryň ählisiniň syýasy maksatlydygyny belledi.

XS
SM
MD
LG