Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Dini ekstremizm artýar


Gyrgyzystanyň ýolbaşçylary dini ekstremizm bilen ilteşikli jenaýatlaryň artýandygyny habar berýärler. Şeýle-de, maglumatda azyndan 80 gyrgyz raýatynyň Siriýada yslamçy söweşijileriň tarapynda söweşýändigi bellenilýär.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň 3-nji iýulda beren maglumatyna görä, 2014-nji ýylyň ilkinji alty aýynda dini ekstremistler diýlip güman edilýänler tarapyndan amala aşyrylan 181 jenaýat hasaba alnypdyr. Geçen ýylyň ýanwar aýyndan iýun aýyna çenli aralykda şuňa meňzeş jenaýatlaryň 133 sanysy hasaba alnypdy.

Ministrligiň maglumatynda gürrüňi gidýän jenaýatlara gatnaşmakda şübhelenilip, 1-nji ýanwardan bäri Gyrgyzystanda 145 adam we zenan tussag edilipdir.

Şeýle-de, ministrlik öz maglumatynda ekstremist işlere gatnaşýan gyrgyz zenanlarynyň sanynyň hem artýandygyny belleýär. Maglumatda Siriýada söweşýän 80 gyrgyz raýatynyň azyndan 10-synyň zenandygyna ynanylýar diýilýär.

XS
SM
MD
LG