Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Fransiýadaky burka gadagançylygy “kemsidiji”


Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy Fransiýanyň aýallaryň burka bürenjegini geýmegine girizen gadagançylygyny goldaýan Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudunyň karary “kemsidijidigini” we musulman zenanlarynyň hukuklaryny bozýandygyny aýtdy.

1-nji iýulda Fransiýanyň sudy köpçülikleýin ýerlerde nikab we burka bürenjegini geýmegi gadagan edýän 2010-njy ýylda çykarylan karary güýçde saklady. Onda bu kararyň dini azatlygy bozmaýandygy we onuň demokratiýanyň gymmatlyklarynyň esasyna gönükdirilendigi bellenilýär.

Muňa garamazdan, “Human Rights Watch” guramasy suduň çykaran kararyny “gynandyryjy” diýip häsiýetlendirdi.

Düýbi Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän guramanyň 3-nji iýulda çykaran bu beýanatynda gadagançylygyň “musulman zenanlaryna çäksiz täsir edendigi” hem-de onuň din azatlygynyň we ýüzüňi doly ýapýan bürenjegi geýmek isleýänleriň hukuklaryny bozýandygy bellenilýär.

Ýewropanyň çäginde ýaşaýan musulman azlygynyň iň uly bölegi Fransiýada ýaşaýar. Olaryň sanynyň 5 million çemesi diýip çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG