Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Çaknyşyklar dowam edýär


Ukrainanyň prezidenti harby kadrlaryň düzüminiň çalşygyny yglan eden mahaly, ýurduň hökümet güýçleri Russiýa tarapdary separatistlere garşy hüjümlerini dowam etdirýärler.

30-njy iýunda ok atyşlygy togtatmak baradaky 10 günlük ylalaşyk möhletiniň dolmagynyň yz ýany bolup geçýän çaknyşyklarda Russiýanyň Ukraina bilen araçägindäki barlag-gözegçilik nokadyna 3-nji iýulda tötänleýin düşen granat rus postuna zeper ýetirdi.

2-nji iýulda Berlinde bolsa, Ukrainanyň, Russiýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri iň giç 5-nji iýulda başlajak gepleşikleriň çäginde başga bir ýaraşygyň üstünde işlemek üçin ylalaşdylar.

Bu aralykda, prezident Petro Poroşenko Döwletiň janpena gullugynyň başlygy bolan we öňki polisiýa işgäri general-polkownik Waleriý Heleteýi Ukrainanyň täze goranmak ministri, Sowet Soýuzynda tälim alan general-leýtenant Wiktor Muženkony ýurduň Birleşen güýçleriniň ýolbaşçysy wezipesine belledi.

XS
SM
MD
LG