Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günäli bikini we bidin futbol


Musulman zenanlarynyň suwa düşmegi üçin niýetlenen ýörite geýim. Musulman dizaýneri Aheda Zanetti (ç) we model Mecca Laalaa (s)
Musulman zenanlarynyň suwa düşmegi üçin niýetlenen ýörite geýim. Musulman dizaýneri Aheda Zanetti (ç) we model Mecca Laalaa (s)

Şu günki gün Moskwada, Brýusselde we Waşingtonda köp gürrüňi edilýän gymmatlyklar ulgamyndaky uly aratapawutlar diňe bir Orsýetiň we Günbataryň arasyndaky gapma-garşylyklara sebäp bolman, Günbataryň musulman dünýäsi bilen gatnaşyklarynyň häsiýetini hem kesgitleýär. Galyberse-de, Günbataryň çydamly ýaşaýjylarynyň musulmanlaryň medeniýetindäki ençeme zatlaryň öz duýgularyny kemsidýändigini hiç wagt boýun almasalar-da, bu hem siwilizasiýalaryň arasyndaky dialogy kynlaşdyrýar.

Kuweýtiň parlamentiniň konserwatiw deputaty we “Ýat däp-dessurlara garşy durmak boýunça komitetiň” ýolbaşçysy Hamdan al-Azemi aýallaryň köpçülik ýerlerinde, şol sanda suw howdanlarynda “ýalaňaçlanmagyny” kanun taýdan gadagan etmek isleýär.

Ýalaňaçlygyň nämedigini kesgitlemegi soranlarynda al-Azemi “ Kuweýtiň medeniýetine we gymmatlyklaryna ters gelýän hiç bir negatiw ýagdaý ýuridiki kesgitlenmä mätäç däldir, biz muny şeýle-de anyklap bilýäris” diýip jogap berdi.

Onuň suwa düşmek üçin niýetlenen bikini geýmini göz öňünde tutýanlygyny çak etmek mümkin. Parlamentde edilen bu çykyşyň öňüsyrasynda bolan sud diňlenşiginde ýerli bir zenan maşgalanyň bilelikdäki çagalaryna hossarlyk hukugyna kim eýe bolmaly diýen jedelde öz adamsyndan utuldy. Bu zenana garşy ulanylan ýeke-täk subutnama onuň suw howdanynyň boýunda başga erkek adamyň golaýynda suwda ýüzülýän bikinili durka alnan suraty bolupdyr.

Müsür, dynç alyş zolagy
Müsür, dynç alyş zolagy

Iki ýyl mundan öň Kuweýtiň hökümetiniň “Jemgyýetçilik işleri we ahlak düşünjeleri boýunça departamenti” aýallara bikini geýmezligi teklip etdi, şol bir wagtda-da bikinili suwa düşýän hiç bir zenanyň özüni kadaly alyp baran ýagdaýynda tussag bolmajagyny aýtdy. Arap dili we medeniýeti boýunça amerikan bilermeni Daniel Paýps musulmanlaryň iki asyr bäri Günbatar tarapyndan basyş duýýandygyny aýdýar.

“Bu harby, ykdysady we medeni taýdan basyşlar. Bu basyşlara musulmanlar dürliçe garaýarlar. Käbirleri günbatar gymmatlyklaryny doly kabul eden bolsalar, beýlekiler käbir elementlerini kabul edip, beýlekileri ret edýärler. Ýene bir bölegi Günbataryň gymmatlyklaryndan doly ýüz öwürýärler. Bu üçünji topar yslamçylaryň ýa fundamentalistleriň arasynda bolýar we bu günki gün olar agdyklyk edýärler. Olar Günbatardan derman ýa-da harby tehnikany almaga mejbur bolýarlar, emma başga zatlary ret edýärler. Aram toparlara olara garşy durmak örän kyn bolýar.

Doktor Faez al-Şehri Saud Arabystanynyň kanunlar boýunça maslahat ediji edarasy bolan Mejlis al-Şuranyň köpçülikleýin habar serişdeleri boýunça geňeşçisi. Al Şehri Günbatar Saud patyşalygyna garşy “yzygiderli medeni urşy” alyp barýar, diýip pikir edýär. Ol şu sebäpden jogap bermek çäresi hökmünde interneti düzgünleşdirýän kanunlary üýtgedip, häkimiýetleriň internetde, sosial ulgamlarynda, hamala gomoseksualizmi we ten satmaklygy, hususan-da, çagalaryň ten satmagyny propaganda edýän arap dilli 25 müň saýtyň, şeýle-de, hamala, ateizm ideýalaryny ýaýradýan 4,5 müň arap dilli saýtyň guramaçylaryny sud arkaly yzarlamaga mümkinçilik bermegi teklip edýär. Seksuallygyň islendik görnüşiniň köpçülikde mälim edilmegi köp sanly musulmanlarda gaýduwsyz garşylyk döredýär diýip Daniel Paýps aýdýar.

Musulman zenanlary gözellik konkursyna garşy çykyş edýärler, Indoneziýa, 2013
Musulman zenanlary gözellik konkursyna garşy çykyş edýärler, Indoneziýa, 2013

“Agzalan saýtlarda käte Saud patyşalygynyň tanymal adamlarynyň atlary hem agzalýar we olaryň seksual durmuşyna gytaklaýyn yşarat edilýär. Global internetden üzňelikde bolan “milli interneti” döretmek synanyşyklary babatynda aýdylanda, men häkimiýet başyndaky Saud maşgalasynyň Demirgazyk Koreýadan nusga almak isleglerini görmeýärin. Internete bagly döwürde mobil tehnologiýalardan üzňe galmaga hiç hili mümkinçilik ýok. Saud arabystanlylar Eýranyň we Türkiýäniň Twitter hem Facebook ulgamlaryny ýapmak bilen bagly negatiw tejribeleri bilen tanyş bolmaly. Bellemeli zat, Türkiýede şeýle gadagançylyk güýje giren badyna ony Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň özi bozdy. Doktor al-Şehriniň ateizme bildirýän garşylygy barada aýdylanda bolsa, köpçülikde dine ynamsyzlyk bildirmek, ýa-da yslama açyk ýigrenç bildirmek musulmanlar üçin seksuallygy mälim etmek bilen deň derejede uýat hasaplanýar. Bu azyndan edepsizlik hasaplanýan bolsa käbir ýurtlarda ölüm jezasyna sebäp hem bolup bilýär. Şeýle tejribeler günbatarlylaryň şu günki garaýyşlaryna hiç bir tarapdan gabat gelmeýär” diýip, Paýps belleýär.

Maşgalasynyň bergiler üçin seksual gulçulyga satylan gyz, Pakistan
Maşgalasynyň bergiler üçin seksual gulçulyga satylan gyz, Pakistan

2007-nji ýylda Pakistanda 13 ýaşly gyz öz obasynyň oglanlary tarapyndan köpçülikleýin zorlanypdyr, soň ol nikasyz jynsy gatnaşyklary üçin ýaşulular maslahaty tarapynda ölüm jezasyna höküm edilipdir. Geňeşçi hasaplanýan, emma iş ýüzünde resmi sud häkimiýeti bilen deň derejede häkimiýete eýe bolan Jirga gyzyň garyndaşlaryndan, maşgalanyň namysyny depeländigi üçin, onuň öldürilmegini talap edipdir. Emma gyzyň maşgalasy polisiýa ýüz tutup, zorlanlaryň atlaryny aýdypdyr. Polisiýanyň jenaýatkärleri tussag etmekçi däldigini bilensoňlar, obadaşlary öz gyzyny öldürmek islemedik maşgala hüjüm edipdirler.

Çaklamalara görä, Pakistanda ýylda “maşgalanyň ar-namysyny goramak bilen bagly” diýilýän sebäplere görä müňe golaý adam öldürilýär.

Örän seýrek wakalardan başga halatlarda öldürilýänleriň köpüsi nikasyz jynsy gatnaşyklarda güman edilýän ýa-da özüne är saýlanda atasyna ýa başga garyndaşlaryna gulak asmadyk zenanlar bolup durýar. Şeýle ýagdaýlara “jemgyýetiň däp-dessurlaryna zeper” ýetirmek hökmünde çemeleşilýär.

Polisiýa köplenç däp-dessurlary goramak üçin kanunlary bozýanlaryň etmişleriniň üstüni ýaşyrýar.

"Maşgala ar-namysy" bilen bagly jezanyň pidalary, Lahor
"Maşgala ar-namysy" bilen bagly jezanyň pidalary, Lahor

Pew sosiologiýa gullugynyň maglumatyna görä, Pakistanda ilatyň 40%-i “ar-namysy goramak üçin adam öldürilmegine” erbet garamaýar.

Müsürde we Owganystanda şeýle garaýyşly adamlaryň sany ilatyň 60-70%-ini, Gazagystanda bolsa 15% çemesini düzýär.

Daniel Paýps şeýle diýýär: “Yslam kanunlary we Günbataryň kanunlary” bir-birinden örän tapawutlanýan düşünjelerdir. Yslam kanunçylary günbatar kanunçylary tarapyndan hiç wagtda pikir hem edilmejek zatlara baş goşýar, ýagny adamlaryň gündeki durmuşyna, meselem şahsy gigiýena arassaçylyk ýaly meselelerde hem gönüden-göni goşulýar. Bu birinji mesele. Ikinjiden bolsa, yslam kanunçylygynda günbatar kanunçylygyndan tapawutlylykda gytaklaýyn subutnamalar diýlen düşünje düýpden ulanylmaýar. Käbirleri “ar-namys sebäpli adam öldürilmegini” Günbatarda maşgalalarda bolýan zorluklara meňzetmäge çalyşýar, emma maşgalalardaky zorluklar düýpden başga zat bolýar. Sebäbi bu gahar-gazabyň netijesinde bolýan ýagdaýlar we indiwidual häsiýete eýe. Ar-namys bilen bagly zorluklar bolsa köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, hemişe kollektiwleýin amala aşyrylýar. Şol bir wagtda-da bu zorluk Gurhanda göz öňünde tutulmaýar we yslam kanunlarynyň bölegi bolup durmaýar”.

Çempionlar ligasynyň ýaryşy, Saud Arabystany, 2011
Çempionlar ligasynyň ýaryşy, Saud Arabystany, 2011

“Yslamda haýsy-da bolsa bir müfti tarapyndan çykarylan kararyň ýuridiki güýji ýok, emma onuň durmuşa geçirilmegi dindarlaryň ýa-da täsirli adamlaryň berjaý etmäge taýýarlygyna bagly bolýar” diýip, Daniel Paýps aýdýar. Meselem, aktuallygy sebäpli dünýä mediasy tarapyndan giň derejede şöhlelendirilen fetwanyň birinde Saud ruhanysy Abd al-Rahman al-Barak futboly “Hudaýyň göwnünden turmaýan” we ahlak ýörelgelerine ters gelýän we hakyky ynanjyň gowşamagyna getirýän iş diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, “futbolyň zyýanly täsiriniň astyna düşen musulmanlar keýp çekmek we oýun oýnamak bilen meşgullanýan yslamyň duşmanlarynyň däp-dessurlarynyň öňünde ýan bererler.

Ol bu barada şeýle diýýär: “Hiç bir komandanyň janköýeri bolmaly däl, bu butparazlykdyr. Başga bir komandanyň janköýerlerini, ol musulman bolan ýagdaýynda, ýigrenmek bolmaýar. Janköýerlere mahsus bolan hapa sözleri aýtmak we agressiýa baş goşmak hem günädir. Şeýle-de musulman dinine uýmadyk futbolça buýsanmak hem bolmaýar”.

XS
SM
MD
LG