Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ukraina: Söweşler gidýärkä kadrlar çalşyldy


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s) we täze goranmak ministri Waleriý Heleteý (s), Kiýew, 3-nji iýul, 2014

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s) we täze goranmak ministri Waleriý Heleteý (s), Kiýew, 3-nji iýul, 2014

Ukrainanyň hökümet güýçleri gündogarda orsýetparaz separatistlere basyş edýärkä, ýurduň prezidenti harbylaryň kadrlar çalşygyny yglan etdi.

Ukrainanyň Serhet gullugynyň habar bermegine görä, 3-nji iýulda gozgalaňçylaryň Ukrainanyň Orsýet bilen arasyndaky Dolžanskiý serhet postuny oka tutmagy zerarly dokuz serhetçi ýaralanypdyr. Taraplaryň arasynda 30-njy iýunda möhleti tamamlanan 10 günlük ýaraşykdan soň söweşler dowam etdirilýär.

Serhet posty strategik geçelge hasaplanýar, Kiýew ony soňky günlerde öz gözegçiligine aldy we “ilkinji ýeňiş” diýip atlandyrdy.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň resmi maglumatynda hökümet güýçleri “terrorçylary” alyp barýan bäş sany ýük maşynyny ýok etdi diýip aýdylýar.

Beýannamada gozgalaňçylaryň soňky 24 sagadyň dowamynda hökümetiň barlag-geçiş nokatlaryna 16 gezek hüjüm edendigi bellenilýär.

Bu çaknyşyklarda pidalaryň bolandygy ýa-da bolmandygy barada häzirlikçe hiç hili maglumat berlenok.

Halkara gepleşikler

Berlinde 2-nji iýunda Ukrainanyň, Orsýetiň, Germaniýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri gündogar Ukrainanada ok atyşygy togtatmak boýunça ýene bir ýaraşyk gazanmak üçin işleşmek barada ylalaşdylar. Gepleşikler 5-nji iýulda başlanmaly.

Ok atyşygy bes etmek boýunça geljekki ýaraşyklara Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy gözegçilik etmeli.

Dört ministr zorlugyň hemmetaraplaýyn bes edilmeginiň, zamunlaryň boşadylmagynyň we Ukrainanyň Orsýet bilen serhet geçelgeleriniň hökümetiň gözegçiliginde bolmagynyň zerurlygy barada ylalaşdylar.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier Berlinde bolan maslahata “konstruktiw” diýip baha berdi we ähli gatnaşyjylar “biziň öz boýnumyza alýan jogapkärçiligimize düşünýär” diýdi.

3-nji iýunda Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ok atyşygyň bes edilmeginiň şertlerini kesgitlemek üçin 5-nji iýula çenli duşuşyk geçirmegi gurnamakda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putinden ýardam soradylar.

Kadrlar çalşygy

Şol bir wagtyň özünde-de Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko 3-nji iýulda Ukrainanyň täze goranmak ministri wezipesine general-polkownik Waleriý Heleteýi we birleşen güýçleriň ýolbaşçysy wezipesine Wiktor Muženkony belledi.

Poroşenko 2-nji iýulda Kiýewde parlamentde täze goranmak ministrini bellemek barada eden çykyşynda “Biz ýaragly güýçleriň aýgytlylygyny we professionallygyny ösdürmeli” diýdi.

Öňki polisiýa wekili Heleteý ýokary derejeli döwlet janpena gullugyna baştutanlyk edipdi, Muženko bolsa Sowet Soýuzy döwründe ýetişen professional harby.

Şeýle-de Poroşenko prezidentiň administrasiýasynda goranmak meselelerine garamak üçin Ukrainanyň iň baý raýatlarynyň biri Ýury Kosýugy belledi.

Poroşenko kadrlar çalşygy barada yglan edende “goşuny ogrulardan we parahorlardan arassalamagy” wada berdi.

Harby ýolbaşçylaryň wezipä bellenmegi 3-nji iýulda parlament tarapyndan makullandy.

XS
SM
MD
LG