Sepleriň elýeterliligi

Dünýä kubogy: Braziliýada köpri ýumruldy


Braziliýada Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşyň geçýän şäherinde gurulyp gutarmadyk köpri ýumruldy.

Belo Horizonte şäherinde 3-nji iýulda köpriniň ýumrulmagy zerarly azyndan iki adamyň heläk bolandygy, 19 adamyň ýaralanandygy barada habar berildi.

Gurulyp duran köpriniň bölekleri onuň aşagyndan geçip barýan ýolagçy awtobusyň üstüne gaçyp. Ulagyň bir bölegini mynjyratdy, ýene bir ulag ençeme sagatlap ýumrulan köpri bölekleriniň astynda galdy.

Betbagtçylyk sport stadionyny halkara aeroporty bilen birleşdirýän esasy köçeleriň birinde ýüze çykdy. Bu köpri resmileriň Dünýä kubogyna taýýar etmegi wada beren obýektleriniň biridir.

Belo Horizonte şäherinde Dünýä kubogynyň bäş futbol oýny geçirildi we indiki hepdede ýarym final duşuşygy geçirilmeli.

XS
SM
MD
LG