Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ÝOJ-yndan soňky iş mümkinçilikleri


Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan talyp ýaşlary.
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan talyp ýaşlary.

Şu aýyň başynda Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw jaýlarynda uçurymlary dabaraly ýagdaýda özbaşdak durmuşa ugratmak boýunça çäreler geçirildi. Bu dabaradan soň, ýokary okuw jaýyny tamamlan ýaşlaryň aglabasynda işe ýerleşmek meselesi keserip durýar.

Ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda ýurduň käbir ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlaryň öz okuw jaýyndan berlen ýörite ýollanma bilen işe ugradylýandygy, olaryň öz alan bilimine görä, işe ýerleşýändikleri aýdylýar.

Emma ýurduň käbir ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlaryň bolsa, özbaşdak işe ýerleşmeli bolýandygy, şol döwürde-de öz ugry boýunça iş tapmakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklary aýdylýar.

Eýsem, türkmen ÝOJ-laryny tamamlan ýaşlaryň işe ýerleşmek mümkinçilikleri nähili? Olar öz ugrundan iş tapyp bilýärlermi? Işe ýerleşende nähili aýlyk haklaryny, iş şertlerini göz öňünde tutýarlar?

Nobatdaky Täze Tolkun gepleşiginde şu tema barada gürrüň ediler. Garaýyşlaryňyzy, tejribeleriňizi gepleşigimize gatnaşyp beýan etmek isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir bölüminde hem galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG