Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Putin ABŞ-ny hyzmatdaşlyga çagyrdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň 4-nji iýulda belleýän Garaşsyzlyk güni mynasybetli Obama ýollan gutlag hatynda ABŞ bilen has gowy gatnaşyklara çagyryş etdi.

Kremliň beýannamasyna görä, “Putin Orsýetiň we ABŞ-nyň halkara durnuklylygyny we howpsuzlygyny gorap saklamak boýunça goşmaça jogapkärçiligi öz üsütne alan ýurtlar hökmünde tutuş dünýäniň bähbidi üçin hyzmatdaşlyk etmeli” diýip nygtapdyr.

Orsýetiň we ABŞ-nyň gatnaşyklary ençeme aý bäri sowaşdy. Moskwanyň Krym ýarymadasyny öz düzümine goşmagyndan soň gatnaşyklar hasam ýaramazlaşypdy. ABŞ-nyň ilçisi Maýkl Makfol (Michael McFaul) fewral aýynda wezipesinden çekilensoň, Waşingtonyň Moskwada ilçisi ýok.

Putin 1-nji iýulda eden çykyşynda ABŞ-nyň Ýewropany şantaž edip, onuň Moskwa bilen ykdysady hyzmatdaşlygyny togtatmagyny talap edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG