Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Yragyň bütewi bolmagyny goldaýar


ABŞ Yragyň bütewi bolmagyna goldaw bildirýändigini aýtdy. Munuň öňüsyrasynda Yragyň Kürdistan regiony garaşsyz bolmagy boýunça referendum geçirmäge çagyryş etdi.

Kürdistan regionynyň ýolbaşçysy Masud Barzani 3-nji iýulda eden çykyşynda kanun çykaryjylardan garaşsyzlyk boýunça referendumy geçirmek üçin komitet döretmegi we gün kesgitlemegi sorady.

Munuň bilen bir wagtda Yrak “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparyň ýolbaşçylygyndaky gozgalaňçylaryň hüjümleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Söweşijiler Yragyň demirgazygynda we gündogarynda uly giňişlikleri basyp aldylar.

Ak Tamyň metbugat-wekili Joş Earnestiň (Josh Earnest) aýtmagyna görä, Waşington “Yragyň bütewi bolmagynda has güýçli boljagyna” ynanýar. Şeýle-de Ak Tam wise-prezident Joe Bideniň Barzaniniň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Fuad Husseýn bilen 3-nji iýulda Waşingtonda duşuşyk geçirendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG