Sepleriň elýeterliligi

Kiýew 150 separatisti öldürendigini aýdýar


Ukrainanyň goşunynyň metbugat-wekili hökümet güýçleriniň ýurduň gündogaryndaky Donetsk regionynyň Slowýansk şäheriniň daşynda Mykolaýiwka şäherçesiniň golaýynda 150 çemesi söweşijini öldürendigini habar berdi.

Oleksiý Dmytraşkiwskiý 3-nji iýulda agşam başlanan söweşlerde bir ukrain esgeriniň wepat bolandygyny we ýene dört adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda-da, Donetsk şäheriniň ýaşaýjylary geçen gije agyr artilleriýanyň ulanylmagynda bolan söweşleriň seslerini eşidendigini gürrüň berdiler. Şäheriň administrasiýasynyň metbugat-wekiliniň žurnalistlere aýtmagyna görä, söweşler Peski we Karliwka obalarynyň golaýynda bolupdyr. Bu ýerde adam pidalary barada habar berilmedi.

Öz-özüni ykrar eden Luhansk halk respublikasynyň separatist ýolbaşçysy Waleriý Bolotow öz administrasiýasyny wezipesinden boşatdy. Wezipe çalşygynyň sebäpleri barada öz-özüni ykrar eden respublikanyň websaýtynda maglumat berilmedi.

XS
SM
MD
LG