Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Planşet we el.

Planşet we el.

Soňky aýlarda türkmen ýaşlary sosial ulgamlarda dürli maglumatlary, suratlary, wideoýazgylary ýygy-ýygydan paýlaşýarlar. Paýlaşylýan bu maglumatlar degişli sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda dürli teswirleriň ýazylmagyna sebäp bolýar. Şeýle maglumatlaryň, has dogrusy suratlaryň biri hem “VKontakte” sosial ulgamynyň “Türkmen sungat älemi” atly topary tarapyndan 1-nji iýulda paýlaşylypdyr.

Gürrüňi gidýän bu suratda durmuş toýuny tutýan iki ýaş juwanyň gelinalyjysyna gatnaşýanlygy aňdyrýan “Prada” kysymly iki sany bezelen ulag görünýär. Ol ulaglaryň biri ak, beýlekisi-de gara reňkli. Ak reňkli ulagyň aýnasyndan gelniň, gara reňklisiniň aýnasyndanam öýlenjek oglanyň çykyp, bir-birini ogşajak bolup duran pursatyny görse bolýar.

7-nji iýula çenli bu suratyň aşagynda sosial ulgamyň agzalary tarapyndan jemi 43 teswir ýazylyp, ol 96 gezek hem halanypdyr we 11 sapar hem gaýtadan çap edilipdir. Ilkinji bolup teswir galdyran Nurli Baý atly agza “Görümsiziň ogly boldy...” diýen hemmelere mälim bolan tankydy nakyly ýazyp, “Bulaňkam şoňa barypdyrow” diýip, suratda görkezilen pursata öz garaýşyny ýazypdyr.

Muhammet Jepbarow atly agza Nurli Baýy goldap, “Nurli, rast aýdýaň” diýip, onuň aýdanlary bilen ylalaşýandygyny bildiripdir. Muhammet Atageldiýew atly agza bolsa: “Türkmeniň däp-dessurynyň işini gördüler-ow” diýip, suratdaky ýaly hereketleriň türkmen däp-dessuryna o diýen gabat gelmeýändigini ýaňzydypdyr.
Söhbetde Gylyjow atly ýene bir agza: “Oglanlar siz bir beýtjek diýäýmäň” diýip, teswir ýazsa, Adyl Işankuliýew atly agza bolsa: “Allajan, şu zatlar soñky gezek bolsun!” diýip, suratda görkezilen toý pursaty bilen bagly öz şahsy garaýşyny aýan edipdir.

Twitter

Twitter sosial ulgamynda bolsa, Angliýanyň futbol komandasynyň oýunçysy Raheem Sterlingiň türkmen aýdymçysy Myrat Öwezowa meňzeýändigi barada sosial ulgamyň Azat Öwezow atly agzasy tarapyndan paýlaşylan tweet ulgamyň käbir agzalarynyň ünsüni çekipdir.

Azat Öwezowyň ýazan tweetinde: “Angliýanyň oýunçysy Raheem Sterling bir hili Myrat Öwezowa meňzeýärmi ýa-da diňe men şeýle pikir edýänmi?” diýip soralýar. Twitter sosial ulgamynyň Beýni-Meň Pikirim atly agzasy bu ugurda: “Meňzeşlik bar” diýip ýazsa, Düşünýäňmi atly agza: “Bu Myrat Öwezowa meňzeýän bolmagy mümkin, ýöne Myrat Öwez muňa meňzänok diýip pikir edýän” diýip, bu barada degişme görnüşli bellik ýazypdyr.

“Ertir.com”

“Ertir.com” sosial ulgamynda Marşal atly agza tarapyndan gozgalan tema bu ulgamyň käbir agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. 30-njy iýulda gozgalan bu temada şeýle diýilýär: “Kimi saýlarsyňyz? Siz ortarada, çepiňizde siziň söýýän adamyňyz, sagyňyzda – sizi söýýän adam dur. Takyk jogap beriň, mümkin bolsa, sebäbinem düşündiriň. Sebäbi siziň jogabyňyza görä, bütin durmuşymyň üýtgemegi mümkin”.

Bu temanyň aşagynda teswir galdyran Skulptor atly agza: “Sagdakyny... Sebäbi meniň söýýänim meni söýmese, soň ikilik etmegi ahmal... Meni söýýän bolsa, soň özüni söýdürip bilmegi ahmal. Sebäbi bile bolsaň, ysnyşyp gidersiň” diýip, bu gyzykly sorag boýunça öz garaýşyny aýan etse, muňa jogap galdyran prob31 atly agza: “Edil şuňa meňzeş logika bilen aýdanda, öz söýýäniňi saýlap, sen oňa özüňi söýdürip bilmezdiňmi?” diýip, pikirlendirmäge ukyply sorag beripdir.

Melejik atly agza bolsa: “Seni söýmedigi bal bolsa-da unut... Seni söýeni zäher bolsa-da ýuwut... Şeýleräk bolmaly öýdýän... Garşylyksyz söýgi söýgi bolmaýar” diýip ýazypdyr. Teswirinden çen tutsaň, onda bu agza-da özüňi söýmedigi däl-de, söýýäni saýlamagy maslahat berýär.

Ýeri gelende aýtsak, agzalaryň aglabasy temany gozgan agza öz söýeniňi däl-de, eýse özüňi söýeni saýlamagy maslahat berýärler.

Bu tema 7-nji iýula çenli 1136 sapar okalyp, oňa 112 teswir ýazylypdyr we ol 32 gezek hem halanypdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG