Sepleriň elýeterliligi

Şewernadzeniň ölümine liderler gynanç bildirdi


Dünýä liderleri Gürjüstanyň öňki prezidenti Eduard Şewernadzeniň (Eduard Shevardnadze) aradan çykmagyna gynanç bildirdiler. Şewernadze uzak wagt dowam eden saglyk näsazlygy sebäpli 86 ýaşynda Tbiliside ýogaldy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin gürji halkyna “çuňňur gynançlaryny” beýan etdi.

Öňki Sowet lideri Mihail Gorbaçýow Şewernadzeni “global meselelerinde täzeçe pikirlenmeleriň akýürekli tarapdary” bolan “ajaýyp ukyply adam” diýip atlandyrdy.

1985-nji ýylda Gorbaçýow Günbatar bilen gowulaşýan gatnaşyklara gözegçilik etmek üçin Şewernadzeni daşary işler ministri edip bellän mahaly, öňki gürji lideri halkara meşhurlyga eýe bolupdy. Gürrüňi gidýän gatnaşyklar Sowuk urşuň tamamlanmagyna alyp barypdy.

Şewernadze ilkinji gezek 1995-nji ýylda, 2000-nji ýylda bolsa gaýtadan Gürjüstanyň prezidentligine saýlanypdy. Ýöne Şewernadzeniň ýurtdaky baştutanlygy 2003-nji ýylda bolan “Bägül rewolýusiýasy” döwründe, onuň wezipesinden çekilmegi bilen tamamlanypdy.

XS
SM
MD
LG