Sepleriň elýeterliligi

Ak reňkiň propogandasy


Köpçülikleýin çärelerine gatnaşdyrylýan çagalara hem köplenç ak eşik geýdirilýär.

Köpçülikleýin çärelerine gatnaşdyrylýan çagalara hem köplenç ak eşik geýdirilýär.

Resmi metbugatda “Ak şäherim Aşgabat” diýlip waspy ýetirilýän paýtagt gün-günden sözüň doly manysynda bütinleý, düýbünden tä depesine çenli agaryp barýar.

Şu günler paýtagtyň täze gurlan Parahat-7 mikroraýonynyň öň ýaşyl reňkli köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlary ak reňke boýalýar.

Görogly köçesiniň ugrundaky 2-3 ýyl mundan ozal diwarlary “türk suwagy” diýip atlandyrylýan suwag usuly bilen suwalyp, dürli-dürli reňklere boýalan ýaşaýyş jaýlarynyň hem diwarlary aklanýar.

Paýtagtyň Parahat-2 mikroraýonyndaky Türkmenbaşy şaýolunyň ugrundaky köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlary hem häzirki wagtda mermere meňzeş gurluşyk serişdesi bilen örtülýar. Bu hili sowet döwrüniň binalaryny “mermerleşdirme” aeroportuň ikinji terminalynyň töwereklerinde hem edilipdi. Täze gurulýan ýaşaýyş ýa-da edara binalarynyň turuwbaşdan ak mermer bilen örtülýändigini nobatdaky gezek hatda ýatlatmasa-da bolar.

Mundan ozal paýtagtyň Arçabil, Garaşsyzlyk şaýollaryndaky hromlanan sütünli awtobus duralgalary ap-ak reňkli duralgalara çalşylyp, ak reňkli köçe sütünleri goýuldy.

Köçe swetoforlary hem ak reňkli swetoforlara çalşyldy

Köçe swetoforlary hem ak reňkli swetoforlara çalşyldy

Hatda bu köçelerdäki hromlanan köçe swetoforlary hem ak reňkli swetoforlara çalşyldy. Beýleki käbir protokol diýlip atlandyrylýan köçeleriň swetoforlary hem şeýle swetoforlara çalşyldy.

Munuň üçin geçen ýyl Orsýetiň Uralyň optiki-mehaniki zawodyndan 76 sany korpusy ak reňkli swetoforlar satyn alyndy. Bu zawodyň wekiliniň bu barada ura.ru websaýtyna beren habarynda ol swetoforlaryň korpusynyň ak reňkde bolmagyny “standart däl ýagdaý” hökmünde suratlandyrypdyr.

Türkmeniň gyzyl halylary hem ak reňke boýaldy.

Türkmeniň gyzyl halylary hem ak reňke boýaldy.

Protokol köçeleriň käbirlerinde asfaltdan, ýolgyradaky ösüp oturan baglardan we trotuardan ýöräp barýan adamlardan galan başga hemmeje zat duw ak diýse boljak. Paýtagtda gurulýan estakadalardyr, köprüler hem ak reňkde. Hatda, dünýä boýunça meşhur bolan türkmen halylarynyň gyzyl reňki hem agymtyl reňke çalşyryldy.

Paýtagtyň köçelerinden gatnaýan “Hýundaý” kysymly awtobuslarynyň hem aglabasy ak reňkde. Dogry, soňky tapgyrlarda satyn alnan bu hili awtobuslaryň arasynda ýaşyl we gök reňklileri hem bar. Emma bu awtobuslaryň sürüjileriniň aýtmaklaryna görä, paýtagtyň esasy protokol köçelerinden ak reňkli awtobuslar gatnamaly edilipdir.

Ýurduň telewideniýesinde hem ak reňkiň agdyklyk edýändigini görmek bolýar. Mysal üçin, türkmen telewideniýesiniň ”Watan” programmasynyň studiýasyndaky stol, noutbuk hem ak. Hatda diktorlaryň özüniň-de baýramçylyk günleri ak egin-eşik geýýän halatlary seýrek däl. Mundan başga-da telewideniýede her gün paýtagtyň “ak reňkli raýonlaryny” görkezmek hem adata öwrüldi.

Köpçülikleýin çärelerine gatnaşýan ak eşikil çagalar

Köpçülikleýin çärelerine gatnaşýan ak eşikil çagalar

Ýurdy agartmak prosesi diňe paýtagtyň köçeleridir, binalary bilen çäklenilmeýär. 2007-nji ýyldan soň ýurtda ak reňk syýasy propaganda-da giňden ulanylýar. Prezidentiň gatnaşmagynda geçirilýän köpçülikleýin çärelerde ak kepderi, ak at, ak şarjagazlar, ak güller ulanylýar. Baýramçylyklarda döwlet ýolbaşçylarynyň prezidente sowgat berýän gülleriniň-de, prezidenti garşy alýan gyzlaryň-da sowgat berýän gülleri-de ak.

Köpçülikleýin çärelerde çykyş edýän artistlerdir, aýdymçy-sazandalaryň hem aglabasynyň egin-eşikleri köplenç ak reňkde. Bu çärelere gatnaşmaly bolýan çagajyklardyr edara-kähanalaryň işgärleriniň hem käbirlerine ak egin-eşik geýdirilýär.

Mundan başga-da ýurt baştutanynyň ýurtda çap edilen soňky “Bagt guşy” romany we onuň Magtymguly baradaky aýdanlarynyň ýygyndysy hem-de Berdimuhamedow hakynda tanymal adamlaryň aýdan sözlerinden düzülip neşir edilen “Dünýäde ykrar edilen lider” kitaplary hem ak reňkde çap edilen.

Ýurtda tele-radio ýaýlymlarda has köp efire berilýän şahyrdyr-ýazyjylaryň hem döredijiliginde, syýasy propaganda bilen birlikde, ak reňkiň agdyklyk edýändigini-de synlasa bolýar. Mysal hökmünde golaýda Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasyp görlen Gözel Şagulyýewanyň ýurduň prezidentine bagyşlap ýazan “Ak kepderi”, “Ak güller”, “Ak gülleriň - ak ýolum” ýaly reňk köp dürlüligini küýsedýän poemalaryny ýatlasa bolar.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, şu ýyl 25-nji maýda “Ak şäherim-Aşgabat” atly täze baýramçylyk hem bellenilip başlandy. Her ýyl bu baýramçylygyň geçiriljek ýerinde ak reňkli “Ak şäherim-Aşgabat” monumentiniň açylyş dabarasy hem bolup geçdi. Ýurt baştutanynyň gatnaşmagynda geçen bu dabaranyň öňüsyrasynda şol töwereklerdäki köçe sütünleriniň köpüsi hem bolluk bilen ak reňke boýaldy.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG