Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Maslahat soňa goýuldy


Yragyň döwlet telewideniýesi ýurduň parlamenti nobatdaky maslahatyny 12-nji awgusta geçirdi diýýär.

Bu maslahatyň soňa goýulmagy 1-nji iýulda Yragyň täze parlamentiniň birinji maslahaty netijesiz tamamlanmagynyň yz ýany boldy. Ikinji maslahatyň şu hepde geçirilmegine garaşylýardy.

Bu aralykda Yragyň ýokary derejeli generaly Bagdadyň günbatarynda amala aşyrylan hüjümde öldürildi. Yragyň premýer-ministri Nuri al-Malikiniň howpsuzlyk boýunça metbugat wekili general Najm Abdulla Sudanyň (Najm Abdullah Sudan) “Ibrahim bin Alidäki duşmaçylykly hüjümde öldürilendigini” mälim etdi.

Ibrahim bin Ali etraby Bagdadyň günbataryndaky Abu Garib territoriýasynda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG