Sepleriň elýeterliligi

Krym: Syýahat möwsümi şowsuz


Koktebel, Krym

Koktebel, Krym

Orsýet tarapyndan basylyp alnan Krym ýarymadasy agyr syýahatçylyk möwsümini başdan geçirýär. Dynç alýanlaryň sanynyň az bolmagy Krymyň kyn ýagdaýdaky ykdysadyýetine agyr zarba urdy.

Krymyň Orsýet tarapyndan basylyp alynmagyna pozitiw garaýan ýerli ýaşaýjylar bar hem bolsa, olaryň arasynda syýahatçylyk pudagynda işleýänleri ýok bolsa gerek.

Krym Orsýetiň golastyna geçeli bäri ukrainler dynç almak üçin başga ýerleri saýlap alýarlar. Adatça, Ukrainanyň ýaşaýjylary Krymda dynç alýanlaryň üçden iki bölegini emele getirýärdi.

Ýewropadan gelýän dynç alyjylar hem Orsýetiň basyp alyjylykly hereketleri we Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýçleri bilen orsýetparaz separatistleriň arasynda dowam edýän gandöküşikli söweşler zerarly Krymyň kenarlaryndan daşlaşdylar.

Syýahat kärhanalarynyň ýagdaýy

Moskwa şu ýyl orsýetlileriň Krymda dynç almagyny gazanmak üçin ähli mümkinçilikleri ulandy. Emma orsýetlileriň bu ýarymadada sanynyň köpeljegi baradaky wadalar başa barmansoň, Krymyň syýahatçylykdan gün görýän köp sanly ýaşaýjylarynyň bu möwsümde agyr ykdysady zyýana galandygy habar berilýär.

Deňziň boýundaky Ýewpatoriýa kurortynda kiçijik syýahatçylyk kärhanasyny dolandyrýan Lýudmila Zaýtsewa: “Möwsüm puja çykdy. Krymyň Orsýete goşulmagy maňa köp zyýan ýetirdi” diýdi.

Lýudmila Zaýtsewa işiň örän haýal gidýändigini we hatda üç işgäri saklamagyň indi kyndygyny belledi.

"Men kärhana baryp gaýdýaryn, emma ol ýerde edere iş ýok diýen ýaly. Tomus aýlarynda deňziň kenaryna baryp dynç almaga ozal mende hiç wagt bolmaýardy” diýip Lýudmila Zaýtsewa aýtdy.

Syýahatçylaryň sany

Adatça, dynç alýanlardan hyryn-dykyn bolan Ýewpatoriýanyň deňiz kenarlary şu ýyl galaba boş durýar.

Krymyň Kurort we syýahatçylyk ministrliginiň maglumatyna görä, ýarymadada dynç alýanlaryň sany şu ýylyň birinji ýarymynda 35% pese gaçypdyr.

Geçen aýda Krym ýarymadasyna şu ýylyň hasabyna bir million birinji syýahatçynyň gelendigi dabara bilen yglan edildi. Baýrak hökmünde bu syýahatçy zenana myhmanhanada mugt ýaşamak hödürlendi.

Şol bir wagtyň özünde-de geçen ýylyň degişli döwründe syýahatçylaryň sany 1 million 700 adama ýetipdi.

Bu sanlar ykdysady taýdan syýahatçylyga bagly bolan Krym ýarymadasy üçin howply ýagdaýy döredýär.

Moskwanyň çäreleri

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Moskwadan Kryma barýan uçarlara biletleriň bahasyny 385 dollardan 214 dollara çenli peseltmegi tabşyrdy.

Şeýle-de Orsýetiň häkimiýetleri potensial dynç alyjylara Kryma barýan otlulara arzanladylan biletleri teklip edýärler.

Orsýetiň döwlet telekanallary ýarymadada dynç almagy wagyz edýärler döwlet eýeçiligindäki käbir kärhanalar hökümetiň çagyryşlaryna jogap hökmünde öz işgärleri üçin Kryma putýowka almaga taýýarlyk bildirýärler. Emma bu çäreler ýarymadanyň ukrain turistleriniň gelmezligi sebäpli çekýän zyýanyny ödäp bilenok.

Päsgelçilikler

Orsýetiň telewideniýesinde Ukrainanyň orslary ýigrenýän milletçi ýurt hökümünde görkezilmegi hem ýagdaýy agyrlaşdyrýar.

Kryma barmak üçin orsýetlileriň köpüsi Ukrainanyň içinden geçmeli bolýarlar.

Üstesine, Krymyň Orsýetiň düzümine alynmagy bilen regionyň rubla baglaşdyrylmagy bahalaryň 30% çemesi ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Soňky aýlarda banklaryň ençemesiniň öz pullary bilen regiondan çekilmegi-de ýene bir kyn mesele döretdi.

Orsýetiň Federal syýahatçylyk agentligi Krymda kredit kartlaryň ulanylmagy bilen bagly kynçylyklaryň döremeginiň mümkindigini duýdurdy we tutuş ýarymadada nagt pul almak üçin diňe 56 sany bankomatyň işleýändigini habar berdi.

Transport hem päsgelçilik döredýär.

Halkara uçuşlar ýatyryldy. Günbataryň gämileri Krymyň kenarlaryna indi barmaýarlar. Orsýetiň syýahatçylaryny daşaýan ulaglar bolsa hyryn-dykyn gatnaýar.

Ýewpatoriýada myhmanhananyň we restoranyň eýesi Dilýara Yakubova şeýle diýýär: “Howa gatnawy bu ýere syýahatçylary getirip bilerdi. Olaryň munuň üçün geçirijilik ukyby bar. Parom gatnawy bolsa bu işi başarmaýar. Sebäbi adamlar [Kryma gelmek üçin] 14-15 sagatlap paromda durup, [soňra] yzyna gaýtmak üçin ondanam köp wagtlap dik aýak üstünde durmaly bolanda, bu dynç alşy puja çykarýar, bu ýere dynç almak üçin gelýänlerde optimizm döretmeýär”.

Dynç almak üçin Krymy saýlap alan orsýetlilerde galýan duýgular hem gapma-garşylykly.

Bu ýere täze gelenler dynç alyşdan lezzet alýana meňzeýän hem bolsalar, ýarymada ozaldan gatnaýanlarda ýarym boş duran restoranlar, ýapyk duran dükanlar we umumy agyr atmosfera erbet täsir goýýar.

Sudakda dynç alýan ýaş orsýetli: “Geçen ýyl [bu taýy] has janlydy, has şadyýandy”, “häzir bolsa bu jansyz we gymmat” diýýär.

XS
SM
MD
LG