Sepleriň elýeterliligi

Deslapky netijelerde Gani öňde barýar


Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasy ýurtda 14-nji iýunda geçirilen prezidenlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň deslapky netijelerine görä, Aşraf Ganiniň sesleriň 56,44%-ni, Abdulla Abdullanyň bolsa sesleriň 43,56%-ni alandygyny mälim etdi.

Komissiýa 7-nji iýulda beren öz maglumatynda mälim edilen bu netijeleriň deslapkydygyny nygtap, onuň saýlawlardaky galplyk aýyplamalary ýa-da güýçsiz hasaplanyp bilinjek sesler gaýtadan gözden geçirilenden soň, üýtgäp biljekdigini belledi.

Owganystanyň saýlaw komissiýasy kandidatlaryň ikisinden hem “özüni elde saklamaga” çagyrdy. Gani we Abdullanyň ikisi hem bir-birini saýlaw netijelerini üýtgetmäge synanyşmakda aýypladylar.

Şeýle-de, Abdulla ses berişigiň netijesini adalatsyz diýip atlandyryp, has köp derňewleri geçirmegi talap etdi. Owganystanda ses berişigiň netijelerini şikaýat etmek üçin kandidatlara resmi taýdan 48 sagat wagt berilýär.

Owganystandaky prezidentlik saýlawlarynyň soňky netijeleri 22-nji iýulda yglan ediler.

XS
SM
MD
LG