Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Parlament maslahatyny gaýra goýdy


Yragyň täze parlamenti, Bagdat, 1-nji iýul, 2014.

Yragyň täze parlamenti, Bagdat, 1-nji iýul, 2014.

Yragyň döwlet telewideniýesi ýurduň parlamentiniň indiki maslahatyny 12-nji awgusta çenli yza tesdirendigini habar berdi.

Yragyň täze parlamentiniň 1-nji iýulda geçirilen ilkinji maslahaty näbellilik bilen tamamlandy. Ikinji maslahatyň şu hepdede geçirilmegine garaşylypdy.

Parlament 1-nji iýulda geçiren maslahatynda spikeri saýlamak meselesine seredipdi, emma şaýy we sünni wekiller arakesmeden yzyna, geňeşler zalyna dolanmansoň, maslahatyň işi wagtyndan öň tamamlandy.

Premýer-ministr Nuri al-Malikiniň tarapdarlary iki aýdan gowrak wagt mundan ozal geçirilen saýlawlarda parlamentde köp orna eýe boldular.

Emma parlament ýurduň iň wajyp üç wezipesine adam saýlamak prosesine girişmekden uzakda galýar. Wezipeleriň ýurduň şaýy arap, sünni arap we kürt jemgyýetleriniň arasynda näresmi ylalaşyga görä bölünmelidigi aýdylýar.

General öldürildi

Şol bir wagtyň özünde-de Bagdadyň günbatarynda Yragyň ýokary wezipeli generaly atylyp öldürildi.

Premýer-ministr Nuri al-Malikiniň howpsuzlyk boýunça metbugat wekili general Najm Abdullah Sudanyň Ibrahim bin Ali şäherçesinde ok atyşykda öldürilendigini aýtdy, emma bu hadysa bilen bagly jikme-jik detallary getirmedi.

Bagdadyň günbatarynda ýerleşýän Abu Graib regionynyň Ibrahim bin Ali şäherçesi hökümet güýçleriniň bir aý bäri ýaragly söweşijiler bilen söweşýän ýeridir.

Faluja welaýatyna we Ramadi şäheriniň golaýyndaky käbir giňişliklere gözegçilik edýän “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparlaryň ýolbaşçylygyndaky söweşijiler geçen aýda Falujadan Yragyň ululygy boýunça ikinji şäheri Mosuly basyp almak ugrunda öz hüjümlerini güýçlendirdiler we Bagdada golaýladylar.

“Yrak yslam döwleti we Lewant” atly topar Siriýada we Yragyň günbatar hem demirgazyk böleklerinde öz basyp alan giňişliklerinde Yslam halyfatyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG