Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Indiki ýyldan aýlyklar artýar


Türkmenistanda aýlyk haklary we kömek pullary 10% galdyrylýar.

Prezidentiň gol çeken kararyna görä, 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömeginiň we studentleriň stipendiýalarynyň möçberi artýar.

Türkmenistanda minimal aýlyklaryň möçberi 535 manat, pensiýalaryň minimal möçberi 210, kömek pullarynyň möçberi 200 manat derejesinde kesgitlenildi, diýip resmi maglumatlarda aýdylýar. Beýik watançylyk urşuna gatnaşanlaryň pensiýasynyň minimal derejesi 878 manat, maksimal derejesi 1184 manat, uruş weteranlarynyň pensiýasy bolsa 1077 manat derejesinde kesgitlenilipdir.

Aýlyklaryň we döwlet tölegleriniň ýokarlandyrylmagynyň, hususan-da işgärleriň zähmet öndürijiligini artdyrmagyň we ulanylmadyk içerki rezerwleriň hasabyna üpjün ediljegi aýdylýar.

Ençeme ýyl bäri Türkmenistanda aýlyklar we döwlet tölegleri her ýylyň ýanwar aýynda 10 % galdyrylýar.

XS
SM
MD
LG