Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Parlament maslahatynyň güni bellendi


Yrakdan gowuşýan maglumatlara görä, ýurduň parlamenti täze hökümeti düzmek boýunça işi dowam etdirmek üçin indiki hepdede duşuşmak barada ylalaşypdyr. Parlamentiň ozlaky kararyna görä, indiki maslahat awgust aýyna çenli yza tesdirildi.

Fransiýanyň “Frans press agentligi” (AFP) ýolbaşçy deputat Mahdi Hafeziň edarasyna salgylanyp, kanun çykaryjylaryň 12-nji awgusta derek 13-nji iýulda duşuşjakdygyny habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde-de Britaniýanyň Bagdaddaky ilçisi Simon Kollis we BMG-niň Yrak boýunça wekili Nikolaý Mladenow Twitter arkaly çap eden maglumatlarynda parlamentiň indiki sessiýasynyň gününi 13-nji iýul diýip agzadylar.

Parlament ýurduň üç möhüm wezipesini saýlamakda üstünlik gazanyp bilmän gelýär. Parlamentiň geçen hepdede geçiren maslahaty kesgitsizlik bilen tamamlandy.

Yrakdaky bu syýasy krizis “Ytrak yslam döwleti we Lewant” atly toparyň ýurduň uly bölegini basyp alan döwründe ýüze çykdy.

XS
SM
MD
LG