Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek galp pasportyň berilmegini derňeýär


Gyrgyzystan gürjüstanly ady belli kanunlaşan ogra milli gyrgyz pasportynyň bikanun berilmegi boýuça derňewlere başlady.

Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäheriniň prokurory Atai Şakir Uulunyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna 8-nji iýunda aýtmagyna görä, derňewleri geçirmek üçin ýörite derňewçi topar döredilipdir.

Gürjüstanly ady belli jenaýat ketdesi Remen ady bilen tanalýan Roman Barbakadze geçen aýda Ukrainada tussag edildi, onuň ýanynda 2012-nji ýylda Oş şäheriniň häkimiýetleri tarapyndan berilen gyrgyz pasporty tapyldy.

Pasportda Barbakadzeniň ady Ramin Alhozow diýilip görkezilýär. Barbakadze Tbilisiniň talaby boýunça Gürjüstana deportasiýa edildi.

XS
SM
MD
LG