Sepleriň elýeterliligi

Abdulla saýlawlarda ýeňendigini aýdýar


Owganystanyň prezidenti wezipesine dalaşgär Abdulla Abdulla 8-nji iýulda Kabulda öz tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda ýurduň dawaly prezidentlik saýlawlarynda özüniň ýeňiş gazanandygyny yglan etdi we ilkinji netijelerde garşydaşy Aşraf Ghaniniň özünde öňde görkezilmegini galplyk diýip atlandyrdy.

“Biz buýsanýarys. Biz halkyň sesine hormat goýýarys. Biz ýeňdik”, diýip Abdylla müňlerçe tarapdarynyň öňünde eden çykyşynda aýtdy we “biz galp netijeleri şu günem, ertirem, hiç wagtda-da kabul etmeris” diýdi. Emma Abdulla ýurduň bütewi galmagyna çagyryş edip, “Biz graždan urşuny islemeýäris. Biz krizisi islemeýäris” diýdi.

8-nji iýulda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Owganystanda häkimiýeti basyp almak boýunça “kanunyň çäginden çykýan” islendik synanyşygyň ýurda berilýän halkara kömegine zyýan berjegini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG