Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Polisiýa işgärlerine iş kesldi


Gazagystanyň günbatar Atyrau şäheriniň sudy üç polisiýa ofiserini bir we iki ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Olar tussagy gynamakda aýyplandy.

Üç ofiser dekabr aýynda saklanan adamyň bäş sany ogurlygy öz üstüne almagyny talap edip, ony urup-ýençmekde we gynamakda günäli tapyldy.

Gazagystanda polisiýa ofiserleriniň şübhe astynda düşen adamlary gynamak ýa-da başga hukuklaryny depelemek üçin seýrek suda çekilýärler.

Şol bir wagtda-da soňky aýlarda ençeme polisiýa işgäri jogapkärçilige çekildi.

Ýanwar aýynda Gazagystanyň demirgazygyndaky Kostanai regionynyň sudy Gazagystanda we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda öň görülip-eşidilmek karar çykaryp, 2007 ýylda polisiýa tarapyndan gynamalara sezewar edilen adama kompensasiýa berilmegini talap etdi.

XS
SM
MD
LG