Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa Braziliýany 7-1 hasabynda utdy


Tomas Mueller (Ç) salan goluna guwanýar. Belo Horizonte, 8-nji iýul, 2014.

Tomas Mueller (Ç) salan goluna guwanýar. Belo Horizonte, 8-nji iýul, 2014.

Germaniýa 8-nji iýulda, Belo Horizonde ýaryşa beýemçilik edýän Braziliýany 7-1 hasabynda utup, 13-nji iýuldaky finala tarap ilerlemek bilen, Dünýä çempionatynyň taryhyna girdi.

Germaniýalylar oýnuň 18 minutynda 5 gol salmagy başardylar, olaryň dördüsi alty minutda derwezä salyndy.

Tomas Mueller 11-nji minutda çüňkden urlan pökgi bilen gol salyp, komandany öňe saýlady. Haçanda hüjümçi Miroslaw Kloze 23-nji minutda gol salyp, Dünýä çempionatnyň 16 gol salan ilkinji futbolçusy bolanda, Germaniýanyň rüstemligi hasam ýokarlandy.

Toni Kroos 24-nji we 26-njy minutlarda, Sami Khedira 29-njy minutda bäşinji pökgini derwezä salmazyndan öň, iki gol saldy.

Oýnuň ikinji ýarymynda Andre Schurrle 10 minut içinde iki gol geçirdi we bu ýagdaý Germaniýany 7-0 derejesindäki ullakan öňegidişlige getirdi.

Oscar oýnuň 90-njy minutynda Briziliýanyň haýryna bir gol salmagy başardy, emma bu futboluň ölemen janköýeri bolan braziliýalaryň öz komandalarynyň taryhyndaky iň agyr ýeňlişiň agyrsyny gowşadyp bilmedi.

Braziliýa bu oýunda esasy hüjümçi Neýmarsyz oýnady, ol ýer eýeleriniň Kolombiýa bilen çärýek final ýaryşynda 2-1 tamlanan oýunda biline zeper ýetiripdi. Komandanyň kapitany Tiago Silwa hem, bir oýundan saklanmak jerimesi esasynda, ýarym finala goýberilmedi.

Braziliýa Dünýä çempionatynyň altynjy titulyna umyt baglapdy, emma günorta amerikalylar indi ikinji gezek öz dogduk topraklarynda Dünýä çempiony bolmak mümkinçiligini elden giderýär.

8-nji iýulda öz milli futbol komandalarynyň uçran iň uly betbagtçylygy diýlip hasaplanylan wakadan ozal, Braziliýa 1950-nji ýylyň finalynda, Marakanada, Urugwaýa garşy oýunda 1-2 hasabynda utulypdy, ýogsa ol 1-0 hasabynda öňde barýardy.

Emma Selesaonyň (brazil komandasynyň lakamy) Mansşaftyň (german komandasynyň lakamy) elinden we aýagyndan gören kemsitmesi bu dramadan has aňry geçene çalym edýär.

Brazil komandasynyň kapitany Deýwid Luiz «ähli brazil halkyndan» ötünç sorasa, komandanyň tälimçisi Felipe Scolari "Bu meniň ömrümiň iň erbet güni" diýdi.

Braziliýanyň prezidenti Dilma Rousseff hem bu ýeňlişe öz gynanjyny bildirdi. "Her bir braziliýaly ýaly, menem bu ýeňlişe örän we örän gyýyldym. Janköýerler we biziň oýunçylarymyz, men biziň hemmämiz üçin juda uly gynanç bildirýärin" diýip, ol Twitterde ýazdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG