Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 53 adamyň jesedi tapyldy


Yragyň howpsuzlyk güýçleri el-aýagy bagly we jezalandyrylyp öldürilen 53 adamyň jesedini tapandyklaryny aýdýarlar.

Resmiler ol adamlaryň jesetleriniň Babil welaýatynyň paýtagty Hillanyň günortasyndaky bagçylykdan tapylandygyny aýdýarlar. Olar kellelerinden we döşlerinden atylyp öldürilipdir.

Hilla Bagdatdan 100 km çemesi günortada ýerleşýär. Ol adamlar azyndan bir hepde ozal öldürilendirdir öýdülýär.

XS
SM
MD
LG