Sepleriň elýeterliligi

Kandaharda jeňçiler hüjüm etdi


Owganystandan gelýän habarlarda Kandahar welaýatynyň ofisine jeňçiler tarapyndan hüjüm edilendigi aýdylýar.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň owgan gullugynyň habarçysy Kandaryň polisiýa bölüminiň hem oka tutulandygyny habar berdi.

Kandahar gubernatory Torýalaý Wesanyň sözçüsi Wesanyň hüjüm başlanmazdan öň howpsuzlyk resmileri bilen ýygnak geçirendigini aýtdy.

Ol ýerde ölenleriň bardygy ýa ýokdugy anyk däl. Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe üstüne alan bolmady.

XS
SM
MD
LG