Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Widodo saýlawlarda ýeňdim diýýär


Jakaratanyň gubernatory Joko Widodonyň syýasy partiýasy ýurduň çekeleşikli prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny aýdýar.

Bu beýanat sesleriň 80 prosent çemesiniň gyssagly sanalmagy netijesinde edildi. Jokowi hem diýlip tanalýan Widodo Indoneziýada iň meşhur, ýöne azrak halanýan syýasatçy hasaplanýar.

Emma Widodonyň bäsdeşi, ozalky general Prabwowo Subianto entek kimiň ýeňendigini jar ederden irräk diýdi.

190 million çemesi indoneziýaly ses bermek hukugyna eýe. Ýurduň kanunçylygy möhleti tamamlanýan prezident Susilo Bambang Ýudhoýono üçünji möhlete prezident bolmak hukugyny bermeýär.

Synçylar belli bir karara gelmedik saýlawçylaryň netijelere saldamly täsir ýetirjegini aýdýarlar. Geçen aý geçirilen pikir soraşlyk ilatyň bäşden birine golaýynyň kime ses berjegini bilmeýändigini görkezdi.

XS
SM
MD
LG