Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Hytaý hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmakçy


Birleşen Ştatlar bilen Hytaý 9-njy iýulda, Pekinde şu ýylyň Startegiki we Ykdysady dialogy açylanda, iki ýurduň arasyndaky ykdysady we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmagy wada berdi.

Hytaýyň prezidenti Si Jinping açyş sözünde iki ýurduň arasynda gapma-garşylygyň döremeginden gaça durmalydygyny nygtady.

Prezident Barak Obama Waşingtondan eden beýanatynda ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklaryň 35 ýyllygyny gutlady we geçen ýyl Si bilen duşuşykda uly güýçleriň arasynda täze model gatnaşyklaryny gurmak barada beren wadasyny gaýtalady.

Birleşen Ştatlaryň delegasiýasyna döwlet sekretary Jon Kerri we gazna sekretary Jak Lýu ýolbaşçylyk edýär. Şeýle-de bu maslahata Federal ätiýaçlyk bankynyň başlygy Janet Ýellen gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG