Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mahaçgalanyň öňki häkimi günäli tapyldy


Dagystanyň paýtagty Mahaçgalanyň öňki häkimi terror hereketini planlaşdyrmakda we bikanun ýarag saklamakda günäli tapyldy.

Orsýetiň Demirgazyk Kawkazdaky regional harby sudy 9-njy iýulda Said Amirowyň garşysyna çykarylan hökümi okamaga başlady.

Amirow Orsýetiň pensiýa fondunyň Dagystandaky bölüminiň başlygy Sagid Murtuzaliýewi alyp gelýän uçara garşy atylan raketany planlaşdyrmak we 2011-nji ýylda derňew komitetiniň resmisi Arsen Gajibekowy öldürmek bilen ilteşikli hasaplanýar.

Amirow 2013-nji ýylyň iýunynda tussag edildi. Ol özüne ýüklenýän günäleri inkär edýär.

60 ýaşyndaky Amirow 1988-nji ýylda Mahaçgalanyň ilkinji saýlanan häkimi bolupdy. Prokurorlar oňa 13 ýyl türme tussaglygyny soraýarlar.

XS
SM
MD
LG