Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl raketalary urandygyny aýdýar


Ysraýyl 9-njy iýulda Gaza zolagyndan Tel Awiwe atylan raketalaryň azyndan ikisini urup ýykandygyny aýdýar.

Hamaz hereketiniň ýaragly bölümi 8-nji iýulda özüniň Ýerusalime, Tel Awiwe we Haýfa birnäçe raketa atandygyny aýtdy.

Ysraýylyň harby-howa güýçleri öten agşam, raketa atyşlygynyň öňüni almak üçin, Gaza zolagynda 160 nyşanany bombalady.

Iki günlük hüjümde azyndan 23 palestinaly öldürildi.

Zarbalaryň biri Hamaz komandiriniň öýüne urlup, alty adamy, şol sanda komandiri öldürdi. Ysraýyl, raketalaryň atylmagy dowam etse, Gaza goşun saljagyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG