Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG pidalaryň artýandygyny aýdýar


2014-nji ýylyň birinji ýarymynda Owganystanda asuda ilatdan ölen adamlaryň sany, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 prosent ýokarlandy diýip, BMG-niň hasabatynda aýdylýar.

Umuman, ýanwar bilen iýun aralygynda asuda ilatdan jemi 1,564 adam öldürildi. 2013-nji ýylyň birinji alty aýynda bu san 1,342 adam bolupdy.

Çagalaryň ölüm derejesi 21 prosent ýokarlandy, ýagny şu ýylda 295 çaga öldürildi.

BMG söweşleriň ilatly ýerleriň jaýlaryna gaty golaý aralykda bolup geçýändigini aýdýar.

Ozallar asuda adamlaryň ölümine esasan ýol ýakasynda goýlan bombalaryň sebäp bolýandygy aýdylardy.

BMG asuda adamlaryň öldürilmeginde esasy jogapkärçiligiň «Talyban» hereketiniň we beýleki pitneçilik hereketleriniň boýnuna düşýändigini aýdýar.

Bu aladaly tendensiýa 2014-nji ýylyň aýagynda Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaran güýçleriniň söweş goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagynyň öň ýanynda bolup geçýär.

XS
SM
MD
LG