Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Obama saýlawlar babatda asudalyga çagyrýar


Prezident Barak Obama Owganystanyň öňe saýlanan prezidentlige kandidaty Aşraf Ganä Birleşen Ştatlaryň owgan saýlawlarynda boldy diýilýän galplyklaryň doly derňelmegine garaşýandygyny aýtdy.

Ak tam Obamanyň Ganä 8-nji iýulda telefon edendigini aýdýar. Obama şondan bir gün öň Ganiniň garşydaşy Abdylla Abdylla telefon edip, ony saýlaw prosesi tamamlanmanka ýeňiş gazanandygyny jar etmezlige çagyrypdy.

Deslapky netijeler Ganiniň 1 million çemesi ses bilen öňde barýandygyny görkezýär. Emma Abdylla munuň köpçülikleýin edilen galplyk bilen baglydygyny aýdýar.

Ak tam Obamanyň beýanatynda iki kandidatyň hem asudalyga we milli bütewilige zyýan ýetirmejek çözgüt tapmaga çagyrylandygyny aýdýar.

Prezident zorluk ulanylan ýa-da konstitusiýadan daşary hereket edilen ýagdaýynda Birleşen Ştatlaryň Owganystana edýän kömegini kesjegini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG