Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tälimçiniň eklenji güzaply


Sport ugrundan jany-teni bilen işlese-de, ondan ýeterlik derejede eklenip bilmeýän tälimçiler az däl.
Sport ugrundan jany-teni bilen işlese-de, ondan ýeterlik derejede eklenip bilmeýän tälimçiler az däl.

"Aziada-2017" sport bäsleşigi golaýlaşdygyça Türkmenistanyň resmi mediasynda ýurtda sporty ösdürmek boýunça örän uly işleriň amala aşyrylýandygy barada maglumatlar barha köpelýär. Bu edilýän işlere mysal hökmünde köplenç ýurtda gurulýan sport desgalary barada aýratyn köp gürrüň edilýär.

Emma sport bilen meşgul bolýan sportsmenleriň, olaryň tälimçileriniň hal-ýagdaýlary, gün-güzerany barada o diýen köp maglumat berilmeýär. Türkmen sport tälimçileriniň käbirleriniň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmaklaryna görä, olaryň alýan aýlyklary, derejäňe görä, 1000 manat töwereginde bolup, bu aýlyk maşgala eklemäge ýetmeýär.

Paýtagtdaky sport klubunyň aýkido boýunça tälimçisi Azadyň sözlerine görä, onuň alýan aýlygy 950 manat we oňa maşgala eklemek mümkin däl. Onsoň ol maşgalasyny ekläp-saklamak üçin, tälimçilik işiniň daşyndan çagalar bagynda garawulçylyk edýär, käte-de wagt tapyp, öz awtoulagynda kireý edip, pul gazanýar.

“Tälimçi bolup alýan aýlygym maşgalany eklemek üçin ýeterlik däl. Şonuň üçin, daşyndan garawul bolup, 700 manat alýaryn. Kireý edip bolsa, esasan, benzin puly diýen ýaly gazanýan” diýip, Azat öz eklenç hem güzeran ýagdaýy barada gürrüň berýär.

Güzeran üçin...

34 ýaşlaryndaky Azat ýaly sport ugrundan jany-teni bilen işlese-de, ondan ýeterlik derejede eklenip bilmeýän tälimçiler az däl. Onsoň olar tälimçilik bilen bir hatarda kommersiýa dükanlaryny ýöredýärler ýa-da haýsy-da bolsa bir firmadyr, kompaniýalarda dürli kärlerde işleýärler.

Sport tälimçileriniň arasynda özboluşly sport repetitorlygy bilen meşgullanmaga mejbur bolýanlary hem az däl. Olar köplenç bu iş üçin hak töläp bilýän gurply paýtagtlylaryň çagalaryny özbaşyna türgenleşdirýärler. Mysal üçin, aýdylyşyna görä, tennisden tälim berýän sport treneriniň hyzmaty aýda 100-150 dollara ýetýär.

Tälimçileriň arasynda “sowalgalyk pul gazanmak üçin” işden daşary işleýänler hem bar. Esasanam sportuň küşt, şaşka ýaly görnüşleriniň tälimçileri şonuň ýaly az pula repetitorlyk edýärler. Olaryň okuwçylardan alýan pullarynyň möçberi aýda 100 manat töweregi.

Elbetde, tälimçileriň öz işlerinden gaýry iş tapyp işlemekleri olaryň esasy işlerine hem öz täsirini ýetirýär. “Käwagt smenany tabşyryp, işlemek kyn bolýar. Ýöne trenerlere tölenýän pul az. Munuň üstesine-de käbir sport inwentarynam öz puluňdan satyn almaly bolýar” diýip, aýkido boýunça tälimçi Azat gürrüň berýär.

Gürrüňini edýän terenerlerimiz goşmaça gazanç çeşmesini tapyp, öz esasy işlerini, ýagny tälimçiligi dowam etdirmäge mümkinçilk tapan adamlar.

Başga kär

Emma bu meselede aýtmaly zat tälimçiligi taşlap, eklenç üçin has düşewüntli işlere hemişelik geçýän tälimçilerem az däl. Olaryň käbirleri daşary ýurt kompaniýalarynda garawulçylyk edýän bolsalar, käbirleri tälimçiligi hemişelik taşlap, hususy telekeçilik bilen meşgullanýarlar.

Gijeki işleýän kafelerdir-barlarda garawul bolup işe geçýän tälimçiler ýa-da sportsmenler hem az däl. Bu hili garawulçylyga, esasan, sportuň başa-baş söweş tärlerine ökde sportsmenler alynýar. Boks ugrundan öňki tälimçi Nazar şolar ýaly kafeleriň birinde eýýäm 2-3 ýyl bäri garawullaryň başlygy bolup işleýär. Onuň bu kafede işläp alýan aýlygy 450 dollar.

Aýkido boýunça tälimçi Azadyň aýtmagyna görä, häzir sport tälimçileriniň köpüsi entuziazmyň, ýagny tükeniksiz şahsy höwesiň hasabyna öz işlerini dowam etirýärler. Azat bu barada şeýle diýýär: “Tälimçilere, sportsmenlere tölenýän pul az. Şol sebäpden ýaşlaryň hem köpüsi sport bilen professional derejede meşgullanmak islemeýärler”.

Şol bir wagtda hem ýurtda köp sanly täze gurlan sport mekdeplerinde mugallymlaryň ýetmezçilik edýändigi aýdylýar. Bu mesele hökümet maslahatlarynda hem yzygiderli gozgalýar. Sport mugallymlarynyň ýetmezçiligi zerarly oba ýerlerinde gurulmaly sport mekdepleriniň gurluşyklarynyň togtadylandygy baradaky maglumatlar hem bu aýdylanlara güwä geçýär.

XS
SM
MD
LG