Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Gadagançylyk TW kanallara zarba urýar


“Dožd” telekanalynyň ýolbaşçysy Natalýa Sindeýewa, Moskwa

“Dožd” telekanalynyň ýolbaşçysy Natalýa Sindeýewa, Moskwa

Orsýetiň kanun çykaryjylary kabel we satellit telewideniýesinde reklamany gadagan edýän garaşylmadyk kanuny kabul etdiler. Bu garaşsyz telewizion stansiýalara urlan uly zarbadyr.

Orsýetiň kanunçykaryjylarynyň kabel we satellit telewideniýesinde reklamany gadagan edýän kanuny kabul etmegi zerarly kiçi we garaşsyz telewizion stansiýalaryň onlarçasyna ýapylmak howpunyň abanmagy ähtimal. Şeýle-de bu kanun döwletiň gözegçiligindäki kanallaryň reklama bazaryndaky täsirini ýene artdyryp biler.

Geň galdyryjy bu dokument geçen hepdede Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýi bolan Döwlet Dumasynda ähli zerur düzgünler berjaý edilip, iki maslahatdan soň haýran galdyryjy tizlik bilen makullandy.

Bu gadagançylyk diňe “milli, zerur we köpçülik üçin elýeterli”, şeýle-de döwlet gözegçiligindäki, täsirli telekanallara degişli däl.

Kanunyň tarapdarlary täze kanunyň telewizion bazarda adalatsyz bäsdeşligiň soňuna çykmak maksadyna eýerýändigini we tölegli kanallaryň abuna töleglerinden, şol bir wagtda-da reklamadan hem girdeji alýandygyny, mugt telekanallaryň bolsa gazanç etmek taýdan çäklendirilýändigini aýdýarlar.

Emma 15 sany tölegli kanalyň ýolbaşçylary, şol sanda oppozision mazmunly “Dožd” telekanalynyň ýolbaşçysy Natalýa Sindeýewa hökümete ýollan hatynda täze kanunyň Orsýetiň kabel we satellit telekanallarynyň ýarpysyndan gowragy üçin ölüm hökümi boljakdygyny aýtdylar.

“Reklama modeliniň aradan aýrylmagy 150 çemesi tematiki kanalyň diri galjagyny şübhe astyna salyp biler” diýip, agzalan hatda bellenilýär we soňra ýene şeýle diýilýär: “Telewizion hyzmatlar üçin bahalaryň galdyrylmagynyň bolsa müşderileriň göwnünden turmajagy düşnükli”.

Şeýle-de bu hata gol çekenler kabel we satellit kanallaryna reklama üçin töleg tölän kiçi we orta gurply biznes kärhanalaryna-da zarba boljakdygy, çünki federal kanallardaky reklamadan diňe uly biznes kompaniýalarynyň peýdalanýandygy aýdyldy.

Döwlet TW-sine howp abanmaýar

Bilermenleriň ençemesi Orsýetiň soňky onýyllykda has köpelen tölegli telekanallarynyň abuna ýazylmak we töleglerini dolandyrmak tertiplerini düzgünleşdirmek üçin wagt geldi diýip hasap edýärler. Emma käbir synçylar agzalýan kanuny başga maksatlar üçin hem ulanyp boljakdygyny belleýärler.

“Tölegli kanallarda umumylaşdyrylan töleg sistemasy ýok, şeýlelikde bar zady tertipleşdirmäge zerulyk bar” diýip Orsýetiň “Komsomolskaýa prawda” gazetiniň telewizion tankytçysy Aleksandr Melman aýdýar. Şol bir wagtda-da ol, emma men “reklamanyň muňa nähili dahylynyň bardygyna düşünemok. Meniň bilşime görä, bizde bazar ykdysadyýeti bar, kanallaram mundan eklenmäge hakly, bu kadaly bir zat” diýýär.

"Dožd" telekanalynyň ýapylmagyna garşy protestiň gatnaşyjysy, Moskwa, 2014-nji ýylyň fewraly.

"Dožd" telekanalynyň ýapylmagyna garşy protestiň gatnaşyjysy, Moskwa, 2014-nji ýylyň fewraly.

Melman kanunyň “Döžd” ýaly garaşsyz mazmunly telekanallaryň reklama arkaly öz pozisiýasyny güýçlendirmezligine gönükdirilen öňüni alyjy zarba bolmagynyň ähtimaldygyny belleýär.

Orsýetiň kommunikasiýa agentlikleriniň assosiasiýasynyň maglumatyna görä, mugt telewizion telekanallar ýurduň telewizion reklama bazarynyň 97%-ni eýeleýärler we geçen ýylda olar 4.4 milliard dollar gazanypdyrlar.

Täze kanunyň daşyndaky howatyrlanmalar Orsýetiň daşyna hem çykdy. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bu kanun bilen baglanyşykly şu hepdede öz nägileligini bildirdi.

Orsýetde görnetin gyssgaly ýagdaýda kabul edilen kanun hakynda: "Eger kabul edilen düzgünler kiçi we orta gurply hususy kanallary möhüm girdeji çeşmesi bolan reklamadan mahrum etse, bu Orsýetde dürli pikirliligi we informasiýanyň erkinligini çäklendirmegiň dowamy bolar” diýip, ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç 7-nji iýulda mälim etdi.

ÝHHG Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini “çakdanaşa we çäklendiriji çärä” gadagançylyk girizmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG