Sepleriň elýeterliligi

“Ýurt bilimlilere eýe çykanok”


Türkmen talyplary.

Türkmen talyplary.

Täze Tolkunyň nobatdaky sanynda ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlaryň işe ýerleşmek mümkinçilikleri, olaryň şol döwür başdan geçirýän tejribeleri barada ýokary bilimini Türkiýede dowam etdirýän Bahar, Azatlyk Radiosynyň işgäri Merdan Saryýew we Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurban bilen söhbetdeş bolduk.

Şeýle-de, gepleşigimizde ýokary okuw jaýlaryny tamamlap işe däl-de, masterlik derejesini almak üçin ýokary okuwa ýerleşmek isleýän ýaşlara Awstraliýada stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürleýän programma barada maglumat taýýarladyk. Bu doly stipendiýaly okuw programmasyna arza kabul edişlik 1-nji awgusta çenli dowam edýär.

Gepleşigimiziň ahyrlarynda bolsa, mobil telefonlaryň oňaýly we oňaýsyz taraplary, ondan ýaşlaryň peýdalanyşy barada maryly deň-duşumyz 23 ýaşyndaky Aýsülük bilen söhbetdeş bolduk. Täze Tolkun gepleşigimizi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG