Sepleriň elýeterliligi

Swetlana Lohowa: Mitrohiniň arhiwi intellektiň ähmiýetini nygtaýar


"Bu olaryň adamlaryň psihologiýasy barada we adamlary öz tarapyna çekmek hem dolandyrmak ukyby baradaky öz düşünjeleri bilen bagly".

"Bu olaryň adamlaryň psihologiýasy barada we adamlary öz tarapyna çekmek hem dolandyrmak ukyby baradaky öz düşünjeleri bilen bagly".

KGB-niň arhiwiniň öňki ýokary derejeli işgäri Wasiliý Mitrohin on ýyldan gowrak wagtlap müňlerçe dokumenti ýygnady we ýene-de sekiz ýyllabam olary tertipleşdirdi, soňam 1992-nji ýylda Beýik Britaniýa gaçyp çykdy.

Kembrijde ýerleşýän Çerçill arhiw merkezi Mitrohiniň arhiwiniň uly bölegini ilkinji gezek köpçülige hödürledi. Sowet razwedkasynyň, ýagny aňtaw gulluklarynyň taryhy boýunça bilermen Swetlana Lohowa gizlin dokumentleriň paş edilmeginiň taryhçylar üçin ýakasy belli agentligiň işiniň jikme-jikligini öwrenmek üçin düýpden täze mükinçilikleri döredýändigini aýdýar.

Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy: Swetlana siz Kembrijiň professory Kristofer Andrew bilen işlediňiz, ol ýigrimi ýyla golaý wagtyň dowamynda Mitrohiniň arhiwlerini öwrenäge rugsat alan ýeke-täk taryhçydy. Professor Andrew arhiw barada iki sany kitap çap etdi. Arhiwiň ilkinji gezek köpçülige elýeterli bolmagyndan täze bir zatlara garaşyp bolarmy?

Swetlana Lohowa: Elbetde, ol öz kitaplarynda köp sanly materillardan alnan ençeme maglumatlary ýygnady. Emma hemme zat barada gürrüň bermek mümkin däl we kitapda ýygnalan we ýazylan zatlardan başga-da ýene ummasyz kän maglumat bar.

Biz arhiwleri öwrenenimizde ýüze çykan haýran galdyryjy zatlaryň biri Britaniýanyň “Kembrij bäşligi” diýlip atlandyrylýan ikiýüzli agentlerden ikisiniň Gaý Burgessiň (Guy Birgess) we Donald Makleanyň (Donald Maclean) aşnalyk gatnaşygynda bolandyklary KGB tarapyndan tassyklanyldy. Ýogsa, olaryň özleri muny ret edipdiler.

Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy: Maglumatlar nähili tertipde berilýär?

Swetlana Lohowa: Mitrohiniň ýygnan arhiwi ikä bölünýär we toplanan maglumatlary we onuň öz pikirlerini öz içine alýar. Şol bir wagtda-da Mitrohiniň pikirleri şol döwürdäki KGB-niň ofiserleriniň pikirini mälim edýär. Ýagny, onuň paş eden maglumatlary gizlin dokumentlerden alnan maglumatlara ýa-da sowet razwedka gatlaklarynda kimdir biriniň aýan eden maglumatlaryny habar berip bilýär. Umuman, olar iş ýüzünde hronologiki tertibe esaslanmaýar.

Şeýlelikde, aýdaly, Maklean baradaky maglumatlar onuň terjimehalyndan başlanyp, onuň “harakteristika” häsiýetnamasy bilen dowam etdirilýär we adamyň häsiýetine baha berýär. Ýagny, başda onuň nirede we haçan doglandygy barada, haçan hakyna tutulandygy barada we onuň atasynyň kimdigini we şuňa meňzeş zatlar barada maglumat berilýär we mundan soň onuň professional we şahsy häsiýeti barada häsiýetlendirmeler getirilip başlanýar.

Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy: Mundan gelip çykýan geň galdyryjy bir element bar, KGB-niň ýolbaşçylarynyň öz ýokary derejeli agentlerine ýolbaşçylyk etmekde, olaryň şahsy häsiýetlerine çemeleşmekde kynçylyk çekendigi barada pikir döreýär. Siz bu barada giňişleýin maglumat berip bilermisiňiz?

Swetlana Lohowa: Olar öz agentlerini olaryň ýaşaýan ýerinden saýlap almaly bolupdyrlar. Şeýlelikde agentleriň, aýratynam “Kembrij bäşligi” diýlip tanalýan topardan üçüsi örän ýokary derejeli agentler hasaplanýardy olaryň jemgyýetdäki pozisiýasy hem muňa sebäp bolýardy. Şol bir wagtda-da, meselem, 1937-72-nji ýyllarda KGB-niň razwedkasynyň wekili bolan britaniýaly Melinda Norwoody alyp görseňiz, KGB ony Kim Filbiden hem has möhüm hasaplaýardy. Sowet döwründe bu garry ene örän ümsüm sekretar bolup işläpdi we ençeme ýyllap yhlas bilen senagat pudagyna degişli möhüm materiallar bilen, şol sanda atom energiýasyna degişli materiallar bilen Sowet Soýuzyny üpjün edipdi.

Swetlana Lohowa: “Kembrij bäşligi” diýilýänler babatynda aýdylanda problemalaryň biri, bilişiňiz ýaly, Maklean bilen bagly boldy. Ol özüniň sowet içalysy bolandygy barada öz söýen kişilerine we garyndaşlaryna dilinden sypdyrypdy. Şeýle ýagdaýda, elbetde, ümsüm we dymma, öz işi bilen gümra bir agente eýe bolmagyň juda amatlydygy düşnükli. Emma başga bir tarapdan, agentleriň olaryň ýaşaýan ýerinden bolmagy käte gözegçilik edip bolmaýan adamlara ýolbaşçylyk edilmegini göz öňünde tutýar.

Wasiliý Mitrohin

Wasiliý Mitrohin

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Bu arhiwler Orsýetiň gizlin gulluklarynyň şu günki işi barada nämeleri habar berýär?

Swetlana Lohowa: Arhiwleriň Orsýetiň gizlin gulluklary barada berýän iň möhüm maglumaty, meniň pikirimçe, adamyň aňyna, intellektine ähmiýet berilmegine degişli. Dünýäde maglumatyň geň galdyryjy möçberde toplanandygyny görmek mümkin we eger-de biz ahlak meselesini gaýra süýşürip, toplanan maglumatlara olara raýatlaryň hukuklary üçin peýdasy nukdaýnazaryndan seretsek, aýdaly, maglumatlaryň Boston marafonynda bolan bomba partlamasynyň öňüni alyp bilmändigini görmek mümkin. Bu amerikanlaryň öz sistemasynyň kämil däldigine göz ýetirmeginiň mysallarynyň biri. Bu krizis bilen baglylykda ýakynda orsýetliler we amerikanlar Çeçenistan boýunça hyzmatdaşlygy amala aşyrdylar. Sebäbi olar Orsýetiň ýagdaýlardan habarlydygyna, Çeçenistanda zerur gatnaşyklarynyň, öz agentleriniň bardygyna we dünýäde haýsydyr bir hüjümleri geçirmek planlaşyrylýan bolsa olaryň öz aňtaw işlerini has tiz geçirip biljegine göz ýetirdiler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Bar bolan maglumatlar esasynda aýdylanda, gizlin agentlikler adamyň intellektiniň möhümdigine henizem ýeterlik ähmiýet berýärler, diýip pikir edýärsiňizmi?

Swetlana Lohowa: Meniň pikirimçe, ABŞ maglumatlara has köp üns berýär. ABŞ-nyň belli bir döwürde [ýagdaýy bilmek üçin diňe] maglumat toplamak ýeterlik diýen karara gelen bolmagy mümkin diýip pikir edýärin. Şol bir wagtda-da orsýetliler adamyň aňyny intellektini ileri tutýarlar. Şu sebäpli olaryň mydama dürli ýerlerde öz agentleri bar. Bu olaryň adamlaryň psihologiýasy barada we adamlary öz tarapyna çekmek hem dolandyrmak ukyby baradaky öz düşünjeleri bilen bagly. Meniň pirkimçe, bu Sowet Soýuzynyň we Orsýetiň aňtaw gulluklaryna degişli üstünlikleri üçin örän wajyp bolupdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Mitrohiniň özi arhiw dokumentleriniň günleriň birinde jemgyýetçilik üçin doly açylmagyny isleýändigini aýdypdy. Bu dokumetleriň paş edilmeginiň iň uly netijesi nähili bolup biler?

Swetlana Lohowa: Dünýä-de KGB-niň arhiwleriniň elýeterli bolan ýeke-täk ýeri, bilişiňiz ýaly, Moskwada däl-de, eýse Kembrij uniwersitetiniň Çerçill kollejindedir. Dogrusy, meniň özüm we ençeme beýleki taryhçylar üçin KGB-niň arhiwleri bilen düýpli tanyşmak üçin – bu ýeke-täk ýerdir. Emma, meniň pikirimçe, möhüm zatlaryň ýene biri bu arhiwler bize öň mälim bolmadyk giňişlikleri öwrenmäge, aňtaw meselesini öwrenmäge mümkinçilik berer. Sebäbi gizlin maglumatlary öwrenmezden, sowet syýasatyna we Sowuk urşy we ondan öňki döwürlere degişli sowet düşünjelerine düşünmek örän kyn.

XS
SM
MD
LG